Kemal Kılıçdaroğlu (1948-nji ýylyň 17-nji dekabrynda doglan) Respublikan Halk partiýasynyň(CHP) lideri we 2010-njy ýyldan bäri Türkiýedäki esasy oppozisiýanyň lideri. 2002-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli Stambulyň ikinji saýlaw okrugynda mejlis agzasy we İzmiriň ikinji saýlaw okrugynyň deputaty bolup işledi.
1948-nji ýylda Tunceli sebitiniň Nazimie obasynda doglan, 1971-nji ýylda Ankara Ykdysadyýet we söwda akademiýasyny gutardy, soňra Fransiýada bir ýyl okady. 1983-nji ýylda baş girdeji müdirligine bellendi we şol ýerde bölüm müdirinden başlap baş müdiriň orunbasaryna çenli işledi.
2009-njy ýylda CHP-den Stambulyň häkimligine kandidat bolup, 36,8% ses aldy.
2023-nji ýylyň 28-maýda geçirilen prezidentlik saýlawynda garşydaşy Rejep Taýýyp Erdogandan ýeňildi. Dowamy...