Namaz

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Namaz (pars. نماز‎) ýa-da äs-solä(t) (arap. الصلاة‎‎‎) — yslamda bäş sütüniň ikinjisi. Allahyň buýrugy.

Namaz wagtlary
Namaz wagty.

Namaz iki dünýäniň abatlygy üçin Allahyň buýrugydyr. Allahyň buýrugyny ýerine ýetirmeýän kişi Allaha garşy çykdygydyr. Allah ynsanlara güýçleriniň ýetmejek buýrugyny bermeýär. 5 wagt Namaz 24 sagadyň dowamynda çaltrak okasaň 35 minudyňy, ýuwaşrak okasaň 45 minudyňy, täret täzelenmeli bolanda 1 sagadyňy alýandyr.

ALLAHyň buýrugy bilen gündeki okamasy hökmany 5 wagt namaz we (erkekler üçin) her Anna güni Mesjidde okalýan Jum'a (jemlenme) namazy bardyr. Pygamberimiziň hiç wagt sypdyrmaýan we ymmatyna (bizlere) buýurýan namazlary hem bolupdyr. Olar sünneti müekkede diýlip atlandyrylýar. 5 wagt namazyň tertibi:

  • ertir (fäjr) namazy 2-rekagat sünnet, 2 rekagat farz
  • öýle (zuhr) namazy 4-rekagat sünnet, 4 rekagat parz, 2 rekagat soňky sünnet.
  • ikindi (asr) namazy 4-rekagat farz
  • agşam (magrib) namazy 3-rekagat farz, 2 rekagat sünnet.
  • ýassy (işa) namazy 4-rekagat farz, 2 rekagat sünnet.

Ýassy namazyndan soň 3 rekagat witr namazyny okamak hanefîlere (şol sanda türkmenleriň aglabasyna) görä wajypdyr. Ertir namaz okalandan soň gün dogup takmynan 20 minut geçýänçä, günortan gün depedekä, ikindi namaz okalanda soň tä gün doly ýaşýança namaz okamak mekruhdyr.

Namazy, kurany, zikri (adaty adamyň) ýuwaş ýerde gulagynyň eştjek derejesinde bolmaly.

Namazyň farzlary[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Hädesten tähârat — täretli, gusully bolmak.
  2. Nejâsatdan tähârat — Bedeniňde, eşigiňde, okaýan ýeriňde nejis zat bolmazlygy. Täret ýa-da gusl üçin arassa ýagny ysy we reňki ýok suw bolmaly. Suw bolmadyk ýagdaýy teýemmum.
  3. Ystykbâly Kybla — adam kybla bakyp durmak.
  4. Setri awrat — uýat ýerleriň ýapyk bolmagy.
    Erkeklerde dyz bilen göbek aralygy hökman ýapyk bolmaly.
    Zenanlar üçin ýüzüň esasy bölegi, goşaryň we aýak topugyndan başga ýerler awrata degişli.
  5. Wagt — Okaljak wagt namazynyň wagty içinde (giren we heniz çykmadyk) bolmaly.
  6. Niýet — okajak wagt namazyňa niýet etmek.

Dinimizde namazyň hökümi[düzet | çeşmäni düzet]

Namaz yslamdan öňki dinlerde hem emr edilipdir. Namaz hijretden 18 aý ozal, magraj gijesinde, bäş wagt görnüşinde farz buýrulýar. Magrajdan öň hem Resulullah () we mukminler namaz okapdyr. Ýöne olar namazy iki wagtyna – ertirine we agşamyna okapdyrlar. Şeýle hem, namaz okamak olar üçin farz däl-de mendupdy.

Namaz – Kuran, hadys we ijmag bilen anyk kesgitlenen farzdyr. Ol akyly ýerindäki, kämillik ýaşyna ýeten her bir musulman üçin berjaý edilmeli iň belent wezipedir. Dinimizde ýedi ýaşyna ýeten çagalara namaz emr edilip höweslendirilýär. On ýaşyna ýetende ol çaga namazyny okamasa, okamagy talap edilýär. Bu barada Pygamberimiz şeýle aýdýar: «Çagalaryňyzy ýedi ýaşyna ýetende namaz okamaga höweslendiriň, on ýaşyna ýetende okamasa, okamagy talap ediň...», (Ebu Dawud, Ahmed b. Hanbel). Bu möhüm farz ybadatyny amal edenler Allah Tagalanyň ençeme lutuf we inaýetine ýeterler.

Namazyň farzdygyny inkär etmek, mukmini dinden çykarýar, emma farzdygyny inkär etmän, diňe ýaltalyk sebäpli bu ybadaty amal etmeýänler ruhy taýdan uly ýitgä we zyýana galýarlar. Namaz okamazlyk dünýä we ahyret azabyna sebäpdir. Ahyret azaby barada Allah Kurany Kerimde şeýle buýurýar

«Olar günäkärlerden sorarlar: «Sizi «Sakar» jähennemine tarap süýreýän nämedir?» Günäkärler şeýle jogap bererler: «Biz namaz okanlardan däldik», (Muddesir, 40-43).

Pygamberimiz bolsa hadysy şeriflerinde şeýle aýdýar

«Kim ikindi namazyny terk etse, amaly biderek bolar», (Buhary, Nesaýy).

«Kim äsgermän üç ýola yz-yzyna juma namazyny terk etse, Allah onuň ýüregini möhürlär», (Nesaýy, Tirmizi, Ibni Mäje).

Unudyp, ýa-da uklap galandygy sebäpli namazyny okamadyk kişi soň kazasyny okamalydyr. Hadysy şerifde

«Kim unudyp, ýa-da uklap namazyny geçirse, ýadyna düşende derrew okasyn (kaza etsin)», (Ebu Dawud, Ibni Mäje, Nesaýy) diýilýär.

Kurany Kerimiň ençeme aýatynda mukminleriň namaz okamagyna emr edilýär. «Namazyň wagtynyň kesgitlenip, mukminlere farz edilendigi şübhesizdir», (Nisa, 103). Hadysy şerifde:

«Allah musulman aýal-erkeklere, ähli kişä günde bäş wagt namazy farz edendir» diýilýär.

Ibni Omardan rowaýat edilýän başga bir hadysda bolsa, Pygamberimiz şeýle buýurýar

«Yslam bäş zadyň üstünde bina edilendir. Olar:
  1. Allahdan başga ilahyň ýokdugyna we Muhammediň Allahyň ilçisidigine şahadat etmek,
  2. Namaz okamak,
  3. Remezan aýy oraza tutmak,
  4. Zekat bermek
  5. Haj ybadatyny berjaý etmekdir», (Buhari, Muslim).

Namazyň wagtlary we namazda wagtyň ähmiýeti[düzet | çeşmäni düzet]

Wagt namazyň syhhatynyň (dürslüginiň) iň esasy şertidir. Namazy wagtynda okamagyň sogaby uludyr. Ibni Mesud (r.a.) Resuly Ekremden (ﷺ):

– Allahy iň razy eden amal haýsydyr?– diýip soraýar.

Resulullah ():

– Wagtynda okalan namaz – diýip jogap berýär, (Tirmizi).

Wagtynda okalan namazyň hem iň fazyletlisi we sogaplysy wagty bolan badyna okalan namazdyr. Hadysy şerifde bu barada:

  • «Nirede namaz wagty bolsa, derrew namazyňy oka. Çünki, fazylet wagtyň başlangyjyndadyr» (Tirmizi)
  • «Namazyň ilki wagty Allahyň ryzasyna, orta wagty rahmetine wesiledir, ahyrky wagty bolsa afuwyna (bagyşlamagyna) wabesdedir», (Tirmizi)

Wagtynda okalmadyk namaz kaza galar. Kaza namazlary guly borjundan halas etse-de, wagtynda okalan namazyň berýän feýzini we kemalyny, uhrewi bähbidi we peýdany bermez. Şeýle hem, namazyň kazasynyň okalmagy ynsandan ybadat wezipesinde goýberen ahmallygynyň we gulluk borjuny wagtynda berjaý etmezliginiň günäsini aýyrmaz. Şol sebäpli namazy wagtynda okamak üçin, namazyň wagtlaryny bilmek zerurdyr.

Ertir namazynyň wagty[düzet | çeşmäni düzet]

Ertir namazynyň wagty – ikinji fejriň düşmeginden Günüň dogmagyna çenli aralykdyr. Fejr – daň agarmagy diýmekdir. Fejriň iki görnüşi bardyr. Ýalançy fejir (fejri kazip) – gündogar tarapda göz’etimiň aňry çäginde dikligine döreýän agarmakdyr. Munuň sähelçe wagt yzyndan ýene garaňky düşer. Şonuň üçin muňa ýalançy fejir diýilýär. Bu ertir namazynyň wagty däldir. Oraza tutýanlar bu wagt aralygynda nahar iýip bilerler. Hakyky fejir (fejri sadyk) – gündogar tarapdan daş-töwerege ýaýrap gidýän agarmakdyr. Munda ertir namazynyň wagty başlaýar. Bu wagt aralygynda selällik edilmeýär. Pygamberimiz ertir namazynyň wagty bilen baglanyşykly şeýle aýdypdyr:

«Ertir namazynyň wagty ikinji fejriň başlamagyndan Günüň dogmagyna çenlidir», (Buhary, Ebu Dawud, Ibni Mäje, Nesaýy).

Öýle namazynyň wagty[düzet | çeşmäni düzet]

Öýle namazynyň wagty Günüň zewal wagtyndan başlaýar, ýagny, Ýeriň üstündäki islendik jisimiň kölegesi gündogara tarap uzamaga başlanda, öýle namazynyň wagty gelýär. Gün dik asmandaka herki zadyň kölegesiniň gysgalmasynyň togtaýan wagtyna «istiwa wagty» diýilýär. Jisimleriň şol wagtky kölegesine «feý-i zewal» diýilýär. Öýlän wagtynyň tamamlanmagy barada iki sany garaýyş bardyr: Ymamy Agzama görä, öýlän wagty zewal wagtyndan başlap, her bir zadyň kölegesi özünden iki esse uzaýança dowam edýär. Bu wagta «asry sani» diýilýär. Ebu Hanifäniň delili Pygamberimiziň şu hadysydyr:

«Öýle namazyny howa salkynlanda okaň, çünki, öýle wagtyndaky yssynyň howry dowzahyň howruny ýatladar», (Buhary, Muslim, Ebu Dawud).

Arabystan ýaly yssy ýurtlarda howanyň temperaturasynyň iň ýokary kaddyna ýetýän wagty kölegäniň bir esse uzaýan wagtydyr. Şol sebäpli, tomsuň güni öýle namazyny biraz salkyn düşensoň okamak mustahap saýylypdyr. (Mewsili, «Yhtyýar», Zuhaýli). Ymam Muhammede, Ymam Ýusufa we beýleki üç mezhebe görä, öýle namazynyň wagty feý-i zewaldan, jisimleriň kölegesiniň bir esse uzaýan wagtyna çenlidir. Muňa-da «asry ewwel» diýilýär. Juma namazynyň wagty hem öýle namazynyň wagtydyr.

Ikindi namazynyň wagty[düzet | çeşmäni düzet]

Ikindi namazynyň wagty ýokarda geçen iki garaýşa laýyklykda, öýle wagtynyň gutarmagyndan başlap, Gün batýança dowam eder. Öýle wagtynyň gutarýan mütdeti bilen baglanyşykly tapawutly garaýyşlar sebäpli, ikindi namazyny kölegäniň iki esse uzaýan wagtynda okamak iň laýygydyr. Müžtehidleriň aglabasyna görä, ikindi namazyny Gün şöhlesiniň kütelip saralmagyna (ysfyrar) çenli gijikdirmek mekruhdyr. Çünki, Pygamberimiz şeýle buýrupdyr:

«Bu wagtda okalan namaz münafyklaryň namazydyr. Münafyk oturyp Güne garaşar. Gün şeýtanyň iki şahynyň arasyna girende (batmagyna az wagt galanda) howlugyp, ikindini dört rekegat okar we Allahy sähelçe ýatlar», (Mälik «Muwatta»).

Yslam alymlaryna görä, Kurany Kerimde geçýän «Salaty wusta» (orta namaz) ikindi namazydyr. Munuň delili hz. Aişäniň gürrüň beren şu hadysydyr:

Resulullah (ﷺ) «Namazlary dowam ediň, orta namazyny-da dowam ediň», (Bakara, 238) diýen aýaty okady. Soňra-da: «Orta namaz ikindi namazydyr»

Agşam namazynyň wagty[düzet | çeşmäni düzet]

Gün ýaşandan soň, tä şapagyň doly ýitmegine çenli wagt aralygy agşam namazynyň wagtydyr. Bu ymameýniň görşüdir. Ymamy Agzama görä bolsa, namaz wagty Gün ýaşandan soň döreýän şapagyň yzynyň agarmagynyň hem doly ýitmegine çenli aralykdyr. Ibni Omaryň «Şapak - gözýetimdäki gyzyllykdyr» rowaýatyna görä, hanefiler agşam namazynyň wagty meselesinde Ebu Ýusufyň we Ymam Muhammediň fetwasyny esas edinýärler.

Ýassy namazynyň wagty[düzet | çeşmäni düzet]

Ýassy namazynyň wagty şapagyň ýitmeginden başlap, ikinji fejriň dogmagyna çenli dowam edýär.

Emma ýassy namazy gijäniň ýaryndan geçirmek mekruhdyr.

Witr namazynyň wagty[düzet | çeşmäni düzet]

«Allah size bir namazy zyýada edendir, ol hem Witrdir. Ony ýassy namazyndan soň, fejir wagtyna çenli okaň», («Nasbur-Raýe»)

Hadysy şerife görä, Witr namazynyň wagty ýassynyň wagtydyr. Witr namazyny ýassynyň farzyndan öň okamak jaýyz däldir. Gije oýanyp biljekdigine ynamy bolan kişiniň bu namazy gijäniň ahyryna çenli gijikdirmegi has fazyletlidir.

Terawyh (tarawa) namazynyň wagty[düzet | çeşmäni düzet]

Bu namazyň wagty ýassy namazyndan soň, ertir namazyna çenli dowam eder. Bu namaz Witrden öň hem, soň hem, okalyp bilner. Emma ýassy namazyndan öň okamak sahyh däldir. Remezan aýynda mesjidde terawyh namazyna ýetişen kişi, ilki ýassynyň farzyny we soňky sünnetini okap, soňra ymama uýup, terawyh namazyny jemagat bilen okamalydyr.

Baýram namazlarynyň wagty[düzet | çeşmäni düzet]

Baýram namazlary jemagat bilen okalýar. Onuň wagty Gün dogandan 45-50 minut soň, ýagny kerahat wagty geçenden soň başlanýar we Günüň istiwa wagtyna çenli dowam edýär. Baýram we terawyh namazlarynyň kazasy ýokdur.

Mekruh wagtlar[düzet | çeşmäni düzet]

Namaz okamagyň mekruh wagty ikidir. Fykyh kitaplarynda mekruh wagtlara kerahat wagtlary hem diýilýär.

Farz, nafile, islendik namazy okamagyň mekruh wagty[düzet | çeşmäni düzet]

Ukbe b. Amir el-Jüheniniň gürrüň beren hadysynda bu wagtyň üçdügi bellenlilýär: «Şu üç wagtda, Resuly Ekrem (ﷺ) bize namaz okamagymyzy we ölülerimizi depin etmegimizi gadagan etdi: Gün dogandan, tä (naýza boýy) ýokaryk göterilýänçä, Gün dik depeden zewal wagtyna çenli hem-de Gün batmaga meýl eden wagty», (Muslim, Ebu Dawud, Tirmizi). Ýagny, hadysda görkezilen wagtlar şulardyr:

a) Gün dogandan soň 45-50 minut aralygy mekruh wagtdyr.
b) Istiwa wagty bilen zewal wagtynyň aralygy, ýagny, Günüň dik depeden günbatara tarap aşaklap başlaýança wagt aralygydyr.
ç) Ikindiden soň Günüň şöhlesiniň göz gamaşdyrmaýan (ysfyrar) wagtyndan batýan wagtyna çenli aralykdyr. Diýmek, ikindi namazy gaty gijikdirilmän, kerahat wagtyna galdyrylman okalmalydyr. Eger ikindi namazy kerahat wagtyna çenli gijikdirilse, namaz kaza goýulmaýar, sünneti terk edilip, diňe farzy okalýar. Hatda Gün ýaşmazyndan ozal iftitah tekbiri alnyp, ikindiniň farzyna durulsa, namaz okalyp durka-da Gün ýaşsa, şonda-da namaz sahyh bolar. Bu diňe ikindi namazyna mahsus bir ýagdaýdyr.

Bu üç wagtyň kerahat wagty bolmagynyň hikmeti, otparazlaryň ybadat wagty bolanlygyndandyr. Bu üç wagtda salawat getirmek, doga we tesbih etmek Kuran okamakdan hem has fazyletlidir. Mekruh bolan wagtda sejde aýaty okalsa, şol wagtda sejde etmek bolýar, emma bu sejdäni kerahat wagtyndan soňa goýmak has fazyletlidir. Ýogalan adam kerahat wagtlarynyň birinde taýýar bolsa, jynaza namazy okalyp bilinýär. Hatda bu namazy gijikdirmän, derrew okamak has fazyletlidir. Çünki, Pygamberimiz (ﷺ) bir hadysynda şeýle aýdýar

«Eý, Aly! Üç zady gijikdirme: wagty gelende namaz okamagy, taýýar bolanda ýogalany depin etmegi, deňini tapan wagtyň gyz maşgalany durmuşa çykarmagy», (Tirmizi, Ahmed Ibni Hanbel «Müsnet»).


Diňe nafile (nepil) namazyny okamagyň mekruh wagtlary[düzet | çeşmäni düzet]

a) Imsakdan (fejri sadyk) başlap, ertir namazyny kylmazdan öň nafile namazyny okamak mekruhdyr. Bu wagt aralygynda diňe ertir namazynyň sünneti okalýar.
b) Ertir namazynyň farzyny okanyňdan soň, Gün dogýança aralykda nafile namazy okalmaýar. Hatda farzdan soň ertiriň sünnetini hem okamak bolmaýar.
ç) Ikindiniň farzyndan soň,
d) Agşamyň farzyndan öň,
e) juma we baýram namazlarynyň hutbeleri okalyp durka,
ä) juma namazy üçin kamat getirilip durka-da, nafile namazy okalmaýar.
f) Baýram namazyndan öň öýde-de, mesjitde-de nafile namazyny okamak mekruhdyr, emma Baýram namazyndan soň, öýde okamak bolýar.
g) Jemagat farz namazyny okap durka, nafile okamak mekruhdyr, emma jemagata ýetişer ýaly maý bar bolsa, ertir namazynyň sünnetini okamak bolýar. Çünki, ertir namazynyň sünneti kuwwatly sünnet bolup, Pygamberimiz ony hemişe okar eken. Hezreti Aişäniň aýtmagyna görä
«Hezreti Pygamber ertir namazynyň iki rekegat sünnetine üns berşi ýaly, beýleki nafile namazlara beýle üns görkezmändir», (Buhary, Muslim, Ebu Dawud). Ertir namazynyň sünneti bilen baglanyşykly Pygamberimiz şeýle buýurýar:
«Ertir namazynyň iki rekegat sünneti dünýäden we dünýädäki her bir zatdan has haýyrlydyr» (Muslim, Tirmizi).

Mustahap wagtlar[düzet | çeşmäni düzet]

Namaz okamagyň has fazyletli we sogaply saýylýan wagtlaryna «mustahap wagtlar» diýilýär. Pygamberimiz käbir namazlary möwsüm, pasyl, yklym ýaly dürli ýagdaýlary nazarda tutup, wagt gireni bilen okalmagyňdan gijikdirilmegini has fazyletli saýypdyr. Jemagat bolmak ýaly, mustahap wagtlarda namaz okamak hem diňe erkeklere mahsus bir fazyletdir. Aýallara mustahap bolany namazlaryny öýlerinde, erkek kişiler mesjitde okanlaryndan soň okamaklarydyr. Emma ertir namazyny erkek kişileriň jemagat bolup okamaklaryna garaşman, ir okap bilerler.

Ertir namazynyň mustahap wagty[düzet | çeşmäni düzet]

Ertir namazyny töwerek agarýança garaşyp, soň okamak mustahapdyr. Muňa ysfar diýilýär. Ysfaryň ölçegi şeýledir. Namaz okap duran kişiniň tahareti bozulaýan ýagdaýynda-da täzeden taharet kylyp, namazyny Gün dogýança arkaýyn okap ýetişer ýaly wagtyň bolmagydyr. Ýagny, Günüň dogmagyna 15-20 minut galmalydyr. Pygamberimiz şeýle buýurýar:

«Ertiri agardyň, çünki, munuň sogaby has uludyr». Ertir namazyny gijikdirip okamak, jemagatyň has köp ýygnanmagyna sebäpdir. Başga bir hadysy şerifde:

«Ertir namazyny okanyňdan soň, namazlygyň üstünde Günüň dogmagyna (tesbih, zikir bilen) garaşan, dört ýesiri azat eden ýaly sogap gazanar» diýilýär.

Hanefi mezhebinde saparda bolsaň-bolmasaň, tomus-u-gyş, ýeke ýa-da jemagat bilen..., ýagny, hemişe ertir namazyny isfar etmek mustahapdyr. Şafygylar bolsa, ertir namazyny gijikdirmän, heniz töwerek agarmanka okamagy has fazyletli saýýarlar. Muňa taglif diýilýär. Hanefiler taglifi diňe hajylaryň müzdelifede bolan wagtlary hem-de Gurban baýramynyň ilkinji gününiň ertir namazynda mustahap görýärler.

Öýle namazynyň mustahap wagty[düzet | çeşmäni düzet]

Tomus aýlary öýle namazyny gijiräk, biraz salkynda okamak mustahapdyr. Beýleki pasyllarda bolsa, öýläni wagtyň başynda okamak mustahapdyr. Enesiň (r.a.) gürrüň bermegine görä: «Pygamberimiz gaty sowuk wagtynda öýle namazyny wagty gireni bilen okamaga howlugardy, tomsuna bolsa salkyn düşýänçä gijikdirerdi», (Buhary, Nesaýy).

Ikindi namazynyň mustahap wagty[düzet | çeşmäni düzet]

Ikindi namazyny tomus-gyş, hemişe gijikdirmek mustahapdyr. Ikindi namazyndan soň, nafile namazyny okamak mekruhdygy üçin farzy gijikdirmek bilen ikindiden öň nafile namazyny okamaga mümkinçilik döredilendir, (Ibnül Hümam, «Fethül Kadyr»).

Agşam namazynyň mustahap wagty[düzet | çeşmäni düzet]

Agşam namazyny hemişe wagty girende okamaga howlukmak mustahapdyr. Azan bilen kamat arasynda diňe üç aýat okar ýaly, ýa-da sähel oturyp garaşylýar. Çünki, agşam namazyny gijikdirmek mekruhdyr. Munda ýahudylara meňzemek bardyr. Emma hassalyk, ýolagçylyk ýa-da naharyň taýýar bolmagy ýaly sebäpler bilen gijikdirmek jaýyzdyr. Agşam namazynyň wagty barada Pygamberimiz şeýle aýdýar:
«Ymmatym agşam namazyny ýyldyzlaryň köpelen wagtyna çenli gijikdirmese, haýyr ýolundadyr».

Ýassy namazynyň mustahap wagty[düzet | çeşmäni düzet]

Ýassy namazyny gijäniň ilkinji üçden birine ýa-da ýarysyna çenli gijikdirmek mustahapdyr. Howa bulutly bolan ýagdaýynda derrew okamak mendupdyr. Ýassynyň gijikdirilmegi bilen baglanyşykly Pygam-berimiziň birnäçe hadysy bardyr. Olardan birinde:
«Eger ymmatyma muşakgat bolmasa, ýassy namazyny gijäniň üçden birine çenli gijikdirmeklerini emr ederdim» diýipdir, (Tirmizi, Ibnül Humam, «Fethül Kadyr»).

Ýassyny gijikdirmek gyş gijelerine mahsusdyr. Çünki, gyş gijeleri uzyndyr. Tomsuna bolsa gijeler gysga bolany üçin, ýassyny giren wagtynda okamak mustahapdyr.
Ýassyny gijäniň ýarysyndan soňa goýmak mekruhdyr. Pygamber Serwerimiz ýassyny gijikdirmegi gowy görer eken. Emma oýanyp bilmän namazy geçirmek howpy sebäpli, ýassyny okaman uklamagy halamandyr. Ýassyny okandan soň bolsa, dünýewi gürrüň we söhbet etmez eken. Munuň hikmeti – mukminleriň amal depderleriniň ybadat bilen ýapylyp, şol günüň gowy netije we haýyr bilen tamamlanmagy üçindir. Emma namazdan soň, zikir we ewrad hem-de dini söhbetler etmek bolýar. Bular hadysyň gadagan edenlerine girmeýär.

Witr namazynyň mustahap wagtlary[düzet | çeşmäni düzet]

Witr namazyny gije oýanyp biljekdigine ynamy bolanlar üçin, gijäniň soňuna çenli gijikdirmek mustahapdyr. Pygamber Serwerimiz bu barada şeýle buýurýar

«Gijäniň soňunda oýanyp biljegine ynamy bolmadyklar, Witr namazyny gijä goýman okasyn. Oýanjagyna ynamy bolan adam Witri gijäniň soňunda okasyn. Çünki, gije namazynyň okalýan wagty, hem gijäniň, hem gündiziň melekleriniň bolýan wagtydyr.

Beýle etmek has fazyletlidir», (Muslim, Ibni Mäje, Ahmed b. Hanbel). Mälikilere görä, bäş wagt namazyň ählisini wagt giren badyna okamak fazyletlidir. Şafygylara görä, öýle namazyny salkyn düşýänçä gijikdirmek, beýleki namazlary bolsa wagty giren badyna okamak sünnetdir. Hanbelilere görä, ýassy namazyndan başga namazlary wagty giren badyna okamak has fazyletlidir. Emma yssyda öýle, bulutly gün agşam namazy gijikdirilýär. Ýassy namazyny gijäniň üçden birine ýa-da ýarysyna çenli gijikdirmek has fazyletlidir, (Ibni Abidin, «Reddül Muhtar»).

Azan we kamat[düzet | çeşmäni düzet]

«Azan» sözüniň sözlükdäki manysy «yglan etmek, bildirmek» diýmekdir. Dini manyda azan – musulmanlara namaz wagtlaryny bildirmek üçin okalýan birnäçe mübärek sözlerdir. Azan okaýan kişä – muezzin (azançy) diýilýär.

Mesjidde azan.

Täjik azan aýdýar.(1865 we 1872 ýyllar)
ABŞ harbysy azan aýdýar.

Azanyň hökümi[düzet | çeşmäni düzet]

Bäş wagt farz namazlary üçin azan okamak Kitap (Mäide 58, Juma 9) we Sünnet bilen anyk kesgitlenendir. Azanyň hökümi bolsa, Sünneti muýekkedäniň kifaýe kysymyndandyr. Ýagny, mähelleden bir kişiniň bu işi ýerine ýetirmegi bilen beýlekilerden munuň jogapkärçiligi aýrylýar. Emma azan asla okalmasa, şol mähelläniň ählisi jogapkär bolar. Azan şol bir wagtda yslamyň şygarlarynyň beýiklerinden biri bolany üçin, wajyp derejesindäki bir sünnetdir. Azan hijretiň birinji ýylynda Medinede meşrug edilipdir.

Azanyň ähmiýeti we fazyleti[düzet | çeşmäni düzet]

Azanda musulmanlara namaz wagtlaryny bildirmek bilen birlikde, namazyň gutulyşa we felaha sebäpdigi hem ýatladylýar. Şeýlelik bilen, mukminler namaz okamaga höweslendirilýär. Bulardan has möhümi yslam dininiň tewhid we nubuwwet ýaly iň mukaddes esaslary azan arkaly älem-jahana jar edilýär. Bu nukdaýnazardan azan okamagyň sogaby we fazyleti has uludyr. Bu mesele bilen baglanyşykly Pygamberimiziň käbir hadyslarynda şeýle buýrulýar: «Eger adamlar azan aýtmagyň we iň öňdäki sapda namaz okamagyň fazyletini bilsediler, özara bije atyşardy», (Buhary, Muslim, Tirmizi).

«muezzinler kyýamat güni iň uzyn boýly, hemmeden saýlanyp duran bolar», (Muslim, Ibni Mäje, Ibni Hanbel).

«Goýun sürüsiniň başynda ýa-da çölde bolan wagtyň azany güýçli ses bilen aýt. Çünki, muezziniň sesiniň ýetýän ýerine çenli aralykda ony eşiden yns-jyns, janly-jandar hemmesi kyýamat gününde oňa şaýatlyk eder», (Buhary, Nesaýy, Mälik «Muwatta»).

Hezreti Omar (r.a.):

«Eger-de boýnumda halyflyk wezipesi bolmadyk bolsa, muezzinlik ederdim» diýip, azan okamagyň nähili uly fazyletiniň bardygyny nygtaýar. Hezreti Omaryň bu sözi muezzinlik ymamlykdan ýokary diýen manyny bermeýär. Ymamet muezzinlikden, kamat bolsa azandan has fazyletlidir. Hezreti Omar: «Eger halyflyk wezipesi bolmadyk bolsa, ymamlyk bilen birlikde azany hem aýdardym» diýmek isläpdir. Bu bolsa ymamyň muezzinligem etmeginiň has fazyletlidigini görkezýär. Şol sebäpden, hezreti Pygamberimiz we dört çaryýarlar hem ymamlyk hem-de muezzinlik edipdirler. Ebu Hanife hezretleri-de hem azan okap, hem-de ymamlyk eder eken.

Şafygylara we hanbelilere görä, azan we kamat aýtmak ymamlyk etmekden has fazyletlidir. Çünki, Allah Tagala Kurany Kerimde: «Allahy çagyryp, ýagşy amal edenlerden has ajaýyp sözli kim bar?» (Fussylet, 33) diýipdir. Hezreti Aişe bu aýatda göz öňünde tutulýan çagyryjylaryň muezzinlerdigini aýdýar. Pygamberimiz () hem «Ymam jemagata kepildir, muezzin ynamdar kişidir. Allahym, ymamlara dogry ýoly görkez, muezzinleri magfiret et», (Ebu Dawud, Tirmizi) diýipdir.

Öýle, ikindi, agşam, ýassy namazlarynda azan şu görnüşde aýdylýar. Diňe ertir namazynda «Haýýe alel-felah» diýeniňden soň iki gezek «os-Solätu hoýrum minen näwm» (Namaz ukudan haýyrlydyr) aýdylýar. Bu goşmaçany Pygamberimiz hezreti Bilala emr edipdir. Munda ukynyň dünýä rahatyny, namazyň bolsa ukba (ahyret) sagadatyny üpjün edýändigine yşarat bardyr. Azany Muhammedi on bäş asyrdan bäri şu görnüşde okalyp gelýär. Dünýä hiç haçan, sähel wagtlyk hem azan sesinden mahrum galmaýar. Çünki, Gün bir ülkede batýarka, başga bir ýurtda dogýandyr. Şeýlelikde, bütin Ýer ýüzi Allahyň bir mesjidine öwrülýär. Älemiň ýaradylyşynyň asyl maksadyny yglan edýär. Ençeme kişi bu sesi eşidip, hidaýete ýetýär, batyl ynançlaryny terk edip, hak dine dönýär. Hawa «Allahyň hidaýet nesip etdirenini ýoldan çykaryp biljek ýokdur», (Zümer, 37). Allah nesibeli kişä azan sesini diňe Ýerde däl, Ýerden ýüz müňlerçe kilometr uzaklykda Aýyň ses-sedasyz topragynda hem eşitdirýär. Bir azan bilen oňa ebedi sagadatyň ýoluny açýar. Emma «Allahyň azaşdyranyny-da dogry ýola salyp biljek ýokdur», (Ra’d, 33). Olar her gün bäş gezek gulaklarynyň alkymynda azan sesini eşitseler-de, nesibesiz bolandyklary üçin azaşmaklaryny dowam etdirýärler. Çünki, «Hassalyk olaryň ýüregindedir. Allah olaryň hassalygyny artdyrdygyça artdyrýar», (Bakara, 10). Şeýlelikde, ýakymly azan sesleri olara lezzet däl-de azap berýär. Olar bu sesden halas bolmagyň çärelerini gözleýärler. Asry sagadat döwründe hem azan sesinden birahat bolanlar bolupdyr. Medinede käbir münafyklar azan sesini eşidende, Pygamberimiziň ýanyna gelip: «Eý, Muhammed! Şu wagta çenli görülmedik işi başymyza atdyň. Hem pygamberdigiňi aýdýarsyň, hem-de öňki pygamberleriň garşysyna gidýärsiň. Bu geň gygyrmagy nireden tapdyň?» diýýärdiler. Olaryň bu akmaklyklaryna şu aýat jogap hökmünde indi: «Siz namaza çagyranyňyzda, olar azany oýun we degişmä öwürjek bolarlar. Bu olaryň akylsyz, nadanlyklaryndandyr», (Maide, 58). Şol sebäpli, yslam alymlary azany bilip äsgermezçilik etmegiň iň ýönekeýiniň hem ynsany imandan çykarjakdygyny aýdypdyr. Azan sesinden diňe şeýtan we onuň yzyny eýerýänler birahat bolýandyr. Emma bir mukmin azanyň, çagyryşyna ylgasyn ýa-da ylgamasyn, o sesden diňe lezzet alýar, göwni joşýar.

Kamat[düzet | çeşmäni düzet]

Kamat – namazlaryň farzlaryny okamaga başlamazdan öň aýdylýan azan sözleridir. Azan wagtyň başlangyjynda okalýar. Kamat bolsa farza duruljak wagty getirilýär. Kamatyň sözleri hem azanyňky bilen meňzeşdir. Diňe «Häýýä äl-feläh» diýeniňden soň, iki gezek «Kod kometis-Solä» jümlesi aýdylýar. Munuň manysy «Namaza başlandy» diýmekdir.Kamat diňe erkek kişiler tarapyndan getirilýär. Aýallar kamat getirmeýärler.

Muezzinde bolmagy zerur sypatlar[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Muezzin erkek kişi bolmalydyr. Onuň sesi batly we ýakymly bolmalydyr. «Pygamberimiz 20 adama azan aýtmagy buýurýar, içlerinden Ebu Mahzuräniň sesi göwnünden turýar we oňa azan aýtmagy öwredýär», (Darimi). Aýalyň azan aýtmagy mekruhdyr.
  2. Muezzin akyly ýerindäki, ylymly we takwa kişi bolmalydyr. Fasyk we jahyllaryň (nadanlaryň) azan aýtmagy mekruhdyr. Dälileriň okan azanyny täzeden aýtmak gerekdir. Kämillik ýaşyna ýetmedik akyly ýerindäki mümeýýiz (agy-garany saýgarýan) oglanyň azan aýtmagy jaýyzdyr.
  3. Muezzin azan aýdanda taharetli bolup, dik duran ýerinden aýtmalydyr. Emma taharetsiz aýdylsa-da, zeleli ýokdur. Taharetsiz kamat getirmek mekruhdyr. Eger getirilse, täzeden gaýtalanmaýar. Jünübiň azan aýtmagy hem-de kamat getirmegi mekruhdyr. Şeýle ýagdaýda azan täzeden gaýtalanmalydyr, kamat bolsa gaýtalanmaz.
  4. Muezzin azany belent ýerden kybla bakyp aýtmalydyr. «Häýýä os-solä» diýeninde saga, «Häýýä äl-feläh» diýeninde sola öwrülmelidir. Azanda sesiň batly çykmagy üçin muezzin barmaklaryndan (süýem) biriniň ujuny gulagynyň deşigine goýmalydyr. Ebu Juhaýfe bu barada şeýle gürrüň berýär: «Bilalyň azan aýdanyny gördüm. Ol ýüzüni saga we sola öwürýärdi. «Häýýä os-solä, Häýýä äl-feläh» diýýärdi. Iki barmagynyň hem hersi bir gulagyndady», (San’ani, Şewkani). Eger-de azan minaradan aýdylýan bolsa, ilki kybla bakyp, azana başlamaly, soň sagdan başlap şerefesine aýlanyp aýdylmaly.
  5. Muezzin azan aýdanda we kamat getirende gürlemeli däl. Hatda şol wagt özüne salam berilse-de, ol salama jogap bermeli däl.

Azan we kamatda bolmaly şertler[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Azan aýdylmagy üçin wagtyň girmegi şertdir. Azan we kamat farz namazlary üçin (kaza bolsun, eda bolsun) sünnetdir.
  2. Azan diňe arapça we gaty ses bilen okalmalydyr. Çünki, azanyň maksady namaz wagtyny bildirmekdir. Ýöne sesiňi has beýgeltjek bolup, özüňe agram salmak dogry däldir.
  3. Azanda sözleriň arasyna dyngy berilmelidir. Muňa teressul diýilýär. «Allahu ākbär, Allahu ākbär» diýlenden soň, sähel salym garaşylmalydyr. Kamatda teressül edilmeýär. Sözler yzly-yzyna, aram ses bilen aýdylýar.
  4. Azanda we kamatda sözleri tertip boýunça okamalydyr, ýerlerini çalyşmaly däldir.
  5. Azan we kamat okaýarkaň, başga zat bilen meşgullanmak bolmaýar.
  6. Azanyň yz ýany bilen kamat getirmeli däldir. Doga etmek, Kuran okamak ýa-da namazyň sünnetini berjaý etmek arkaly azan bilen kamatyň arasy açylýar. Azan bilen kamatyň arasynda azyndan üç aýat okar ýaly maý bolmalydyr.

Azanyň edepleri[düzet | çeşmäni düzet]

Azanyň esasy edepleri şulardyr:

  1. Azana tagzym etmeli, ýagny, aýdylyp gutarýança ony diňlemeli, başga bir iş bilen meşgul bolmaly däl, edip duran işiňi goýmaly. Hatda Kuran okaýan hem bolsaň, okamagyňy goýup, azany diňlemek mendupdyr. Ýöne mesjitde jemagata Kuran okalýan bolsa, okamagy dowam etmek bolýar.
  2. Azan bilen kamatyň arasynda doga istigfar etmeli. Hadysy şerifde: «Azan bilen kamatyň arasynda edilen dogalar yzyna gaýtarylmaz» diýilýär.
  3. Azan we kamaty eşiden kişiniň ony içinden muezziniň yzy bilen gaýtalamagy mustahapdyr. Birden köp azan okalýan ýerlerde birinjisi yzarlanmalydyr. Jünüp hem muezziniň aýdanlaryny gaýtalap biler, emma haýzly we nifasly aýal gaýtalamaly däldir.

Ebu Saidiň gürrüň beren bir hadysynda Resuly Ekrem şeýle buýrupdyr: «Azany eşiden wagtyňyz muezziniň aýdýanlaryny siz hem gaýtalaň», (Buhary, Muslim, Tirmizi, Nesaýy). Muezzin: «Eşhedu en lä ilähe illallah» diýende: «We ene äşhädu äl-lä ilähe illallahu wahdehu lä şerike la we ännä Muhäm-meden abduhu we rosulu. Rozyýtu billähi Robben we bi Muhäm-medin rosulä we bil islämi dinä» diýmelidir. (Men hem Allahdan başga ilahyň ýokdugyna, Onuň ýeke-täkdigine we şäriginiň hem ýokdugyna şaýatdyryn we Muhammediň Allahyň guly we Resulydygyna-da şaýatdyryn. Rab hökmünde Allahdan, resul hökmünde Muhammedden, din hökmünde-de yslamdan razydyryn.) Muezzin birinji gezek: «Äşhelädu än-nä Muhäm-meder-Rosululla» diýende: «Sallallahu aleýke ýä Rosulalla» diýmeli. Ikinjisinde bolsa, «Korret bike aýni ýä Rosulalla» diýmeli. (Gözlerim Seniň bilen nurlansyn, eý, Resulallah). Şeýle hem baş barmaklaryň dyrnaklaryny ýa-da süýem barmaklaryň içini öpüp gabaklara sürtülýär. Diňe azanda şeýle etmek mustahapdyr. Kamat getirilende beýle edilmeýär. Muezzin: «Häýýä os-solä» we «Häýýä äl-feläh» diýende: «Lä häwle welä kuwwete illä billähil aliýýil azym» (Güýç-kuwwat diňe azym we beýik bolan Allahdandyr) diýilýär. Ertir namazynda: «Os-solä:tu hoaýrum minen näwm» diýlende: «Sodäkte we berirte we bil hakky nätäkte» (dogry aýdýarsyň, uly haýyr gazandyň, hakykaty aýdýarsyň) diýip, jogap bermek mustahapdyr. Azan gutarandan soň, şu doga okalmalydyr. Bu dogany okaýanlara Pygamberimiz () şeýle buşluk berýär: «Kim azandan soň bu dogany okasa, kyýamat güni oňa şefagat ederin» (Buhary, Ebu Dawud, Tirmizi). Bellik: «Wesiläniň» we «fazyläniň» jennetde belent mertebedigi, makamy mahmudyň bolsa, Şefagaty-Kubra, ýagny, Pygamberimiziň beýik şefagatyna degişli mertebedigi beýan edilipdir.

Azan dogasy[düzet | çeşmäni düzet]

Arapçasy:
Transkripsiýa: Allahumme Robbe häzihid-dagwetit-tämme, wossolätil-koime. Äti Muhämmedenil-wesiýlete wel fazyle wed-derojeter-rofi’a. Web-ashu mäkomem mähmudenillezi wea’d-te. Inneke lä tuhliful miýad.
Manysy: «Allahym! Eý, bu dagwetiň (mübärek azanyň) kylynjak bolunýan namazyň mukaddes Rabbi! Pygamberimiz hezreti Muhammede «wesiläni» we «fazyläni» yhsan et we Ony hut özüne wada beren makamy mahmuda ýetir. Şübhesiz, sen wadaňdan dänmersiň».

Namazyň parzlary[düzet | çeşmäni düzet]

Namazyň farzlary 12 sanydyr. Bulardan 6-sy namaza başlamazdan öň berjaý edilmeli farzlardyr. Bulara namazyň şertleri diýilýär. Beýleki 6-sy bolsa namaz başlandan soň berjaý etmeli farzlardyr. Bulara bolsa namazyň rükünleri diýilýär.

Namazyň şertleri[düzet | çeşmäni düzet]

Hadesden taharet[düzet | çeşmäni düzet]

Namaz okajak kişiniň hadesden tämizlenmegi, ýagny taharetsiz (täretsiz) bolsa, taharet kylmagy, jünüp bolsa gusul etmegi diýmekdir.

Nejasetden taharet[düzet | çeşmäni düzet]

Nejasetden taharet – namaz okajak kişiniň bedeninde, eşiginde, namaz okajak ýerinde şerigatyň nejis (gan, iriň, peşew...), pis saýýan bir zady bar bolsa, ol hapanyň arassalanmagy diýmekdir.

Setri awret[düzet | çeşmäni düzet]

Ynsanyň owrat ýerlerini namazda örtmegine «setri awret» diýilýär. Owrat ýerleri – erkek we aýalyň örtmegi farz bolup, başgalara görkezmegi haram bolan agzalarydyr. Erkeklerde owrat ýerleri göbekden dyzyna çenli aralykdyr. Aýallarda bolsa owrat ýüz,el, we aýaklardan başga bedeniň ähli ýeridir. Pygamberimiz bir hadysynda

«Allah bulug ýaşyna ýeten aýalyň başy ýaglyksyz okan namazyny kabul etmez», (Ibni Mäje, Tirmizi)

diýip aýdýar. Başga bir hadysynda bolsa şeýle diýýär

«Aýal kämillik ýaşyna ýetende elinden we ýüzünden başga ýerini özgä görkezmegi halal bolmaz», (Ebu Dawud).

Owrat hasaplanýan agzanyň dörtden birinden az açylmagy namazy bozmaz. Namazdaka owrat ýeri açylsa, derrew açylan ýer ýapylsa, namaz bozulmaz. Bir rükün mukdary, ýagny, üç gezek «Subhänalla(h)» diýerlik pursatdan soň ýapylsa, namaz bozulýar. Örtünmäni hem ýeke eliň bilen etmelidir. Çünki, iki eliň bilen edilen hereketler amaly kesire (uly herekete) girýär we namazy bozýar. Erkek kişiniň ýüpek matadan tikilen eşik bilen namaz okamagy jaýyz däldir. Erkek kişiniň başy ýapyk, doly egin-eşikli namaz okamagy mustahapdyr. Emma diňe owrat ýerleri ýapyk şekilde namaz okamak jaýyz hem bolsa mekruhdyr. Çäresiz ýagdaýda welin, kerahat ýokdur. Setri awret hem Halygyň hem mahlugyň hukugydyr. Şol sebäpli özünden başga biriniň ýok ýerinde (hylwatda) hem ynsanyň örtünmegi zerurdyr. Özüňe seretmegi halal bolmadyk biriniň ýanynda owrat ýeriňi açman nejasetden arassalanmagyň mümkin bolmadyk ýagdaýynda namaz nejasetli okalar. Çünki, owrat ýeriniň açylmagy nehiý (gadagan) edilendir. Nejasetden arassalanmak bolsa emr edilendir. Bir meselede emr bilen nehiý birlikde gelse, nehiýni ýerine ýetirmek gerekdir. Hapa degen eşik bilen namaz okamak, ýalaňaç okamakdan ewladyr – gowudyr. Çünki, iki sany deň bela uçran kişi ikisinden birini saýlamaga erklidir. Eger ýeňili bar bolsa, onda şony saýlamaly. Muňa dinimizde «ehweni şer» diýilýär. Nejaset bolsa ýalaňaçlykdan ehwendir – ýagşyrakdyr.

Istikbaly kybla[düzet | çeşmäni düzet]

Istikbaly kybla – namazy Käbä tarap bakyp okamakdyr. Kybla diňe Mekgeýi Mükerremedäki daşdan gurlan bina däldir. Şerigata görä kybla – Käbäniň üstünden tä arşa, aşaklygyna bolsa ferşe çenli uzaýan nurdan bolan sütündir. Şol sebäpli, kişi isle, uçaryň üstünde – Käbeden ýokarda bolsun, isle, ýeriň çuňluklarynda – Käbeden aşakda bolsun, bu nurany sütüne ýönelip namazyny okap, istikbaly kybla şertini berjaý eder. Musulmanlaryň namaz okap durka mabetleriň iň gadymysy we iň mukaddesi bolan Käbä ýönelmegi olaryň agzybirlik ruhuny saklamak, köňüllerini ybadatyň ruhy joşguny we nury bilen aýdyňlatmak ýaly hikmetlere daýanýar. Ähli musulmanlaryň kybla ýönelip ybadat etmegi dil, reňk, millet, jyns tapawudyny aradan aýyryp doly söýginiň we bütindünýä dost-doganlygyň dikeldilmegine wesiledir. Kyblanyň haýsy tarapdadygyny bilmeýän kişi, ilki töwereginden sorap anyklamalydyr. Başga kişiden sorara ýagdaý bolmasa, özi biljek bolmaly. Soňra Kybla haýsy tarapdadyr diýip karara gelse, şol tarapa bakyp okamaly. Eger-de, ýönelen tarapynyň kybla däldigini namazyndan soň bilse, şol namazyny gaýtadan okamagy gerek däldir. Emma soramaga adam barka, soraman ýalňyş tarapa bakyp okasa, onda şol namazyny gaýtalamalydyr. Kyblanyň haýsy tarapdadygyna şübhe edip, soraman-etmän namaza duran kişi, kybla tarap dogry durup okaýanyny namazyny okap durka bilse-de, namazyny täzeden okamaly. Çünki, soňky rekagatlary şübheli okanlarynyň üstüne goşup bilmez. Emma namazyny doly gutarandan soň, dogry durup okandygyny bilse, onda namazyny gaýtalamaly däl. Ymam Ebu Ýusufa görä, bu iki ýagdaýyň ikisinde-de, namazy gaýtadan okamaga zerurlyk ýokdur. Bir kişi hassalygy sebäpli kybla dönüp bilmese, öwrere-de ýanynda adam ýok bolsa, ýa-da duşmandan, wagşy haýwandan gorkusyna kybla bakyp bilmese, güýjiniň ýa-da mümkinçiligiň bolan tarapyna öwrülip namazyny okap biler. Ulagda barýana farz namazyny okamak jaýyz däldir. Pygamberimiz ýolagçy wagty, ulagynyň üstünde diňe sünnet we nafile namazlaryny okapdyr. Gämide ýa-da uçarda namaz okajak kişi ilki kyblany kesgitlemelidir. Onuň islendik tarapyna bakyp namaz okamagy dogry däldir. Namaz okap durka gäminiň ýa-da uçaryň ugry üýtgese, mümkin bolsa, ol hem kybla öwrülip namazyny tamamlamalydyr. Awtobus, poýezd ýaly ulaglaryň namaz wagtynda durmazlygy kybap bir sebäp bilen namazyny okamaly bolan kişi mümkin bolan tarapa ýönelip namazyny okamaly, ulag haýsy tarapa ugruny üýtgetse-de, ol hiç ýana üýtgemän namazyny okap biler. Kyblanyň haýsy tarapdadygy barada ihtilaf edilse, her kes özbaşyna namaz okamaly. Jemagat bilen okalan ýagdaýynda, ymamyň duran tarapynyň kybladygyna şübhe edýäniň namazy dürs bolmaz. Farz we nafile namazlaryny Käbäniň içinde okamak dürsdür we ol ýerde islän tarapyňa bakmak bolýar. Bir kişi namaz okap durka, hiç sebäpsiz göwresini kybladan öwürse namazy bozulýar. Diňe ýüzüni öwürse namazy bozulmaz, emma mekruh iş etdigi bolar. Onuň derrew kybla tarap öwrülmegi gerekdir. Namaz üçin kybla ýönelen bir kişiniň niýetinde «ýüzüm kybla» diýmegi şert däldir.

Wagt[düzet | çeşmäni düzet]

Wagt – bäş wagt namazy öz wagtynyň dowamynda okamak diýmekdir. Wagt girmezden namaz okamak jaýyz däldir. Wagt geçenden soň okalan namazlar eda däl-de, kaza bolar, (ser. «Namaz wagtlary»).

Niýet[düzet | çeşmäni düzet]

Niýet – kalbyň bir zada karar etmegi, şol işiň näme üçin edilýändigini oýlanman bilmegi diýmekdir. Namaz barada niýet – diňe Allah ryzasy üçin namaz kylmagy islemek we okaljak namazyň haýsy namazdygyny bilmek, ýürekden duýmak diýmekdir. Niýet kalba degişli bir işdir. Şeýle-de bolsa, dil bilen hem aýtmagy has fazyletli görlüpdir. Nafile namazlary üçin wagt bellenmeýär. «Allahyň ryzasy üçin namaz kylmaga niýet etdim» diýmek ýa-da kalbyň bilen niýet etmek ýeterlikdir. Emma bäş wagt namazyň sünnetlerinde «Niýet etdim şu wagtyň ilki sünnetini ýa-da soňky sünnetini» diýmek bolýar. Terawyh namazy üçin bolsa «Terawyh namazyny ýa-da wagtyň sünnetini okamaga niýet etdim» diýmelidir. Yhtyýata laýygy şudur. Farz namazlarynda bolsa onuň wagtyny anyk aýtmak şertdir. Mysal üçin: «Şu günki öýle namazynyň farzyny okamaga niýet etdim». Juma, baýram, jynaza we Witr namazlarynda hem farz namazlary ýaly anyk wagt aýtmak gerekdir. Kaza namazlarynda haýsy wagt kaza ediljek bolsa anyk aýdylmalydyr. Bilinmeýän bolsa, mysal üçin: «Iň soňky kaza galan öýle namazyna niýet etdim» diýilmelidir. Niýetiň iftitah tekbirine ýakyn edilmegi afzaldyr (has fazyletlidir). Niýet bilen tekbiriň arasynda iýmek-içmek, gürlemek ýaly namaza gelişmejek işler etmeli däldir. Tekbir getireniňden soň, edilen niýet bilen namaz sahyh bolmaz. Kabul edilen görüş budur. Başga bir görşe görä bolsa, eger niýet tekbirden soň, subhanekeden we e’uzüden öň edilse, namaz jaýyz bolýar. Eda niýeti bilen kaza, kaza niýeti bilenem eda jaýyzdyr. Meselem, bir kişi öýle wagty geçen däldir diýip öýle namazyny eda niýeti bilen okasa, soň wagtyň geçendigini bilse, okan namazy öýläniň kazasynyň ýerine geçer. Jemagat bilen namaz okalan ýagdaýynda, ymama uýýanyň namaza niýet bilen birlikde ymama uýmaga-da niýet etmegi gerekdir. Meselem: «Şu günki öýle namazynyň farzyny okamaga niýet etdim, uýdum şu ymama» diýilýär. Bir kişi ymama uýmaga niýet edip, ymam heniz namaza başlamanka, namaza başlaýsa, ol kişi ymama uýan saýylmaz, Hatda «Allahu ākbär» sözüni ymam aýdyp gutarmazyndan öň aýtsa, ýene ymama uýan hasaplanmaz. Şol ýagdaýda ol kişi täzeden tekbir getirip ymama uýmalydyr. Jemagatyň ymama uýmak niýeti ymamyň «Allahu ākbär» diýip namaza başlamagyndan soň edilmelidir. Bu ymameýniň görşüdir. Ymamy Agzama görä, jemagatyň tekbirleri ymamyň tekbirine ýakyn bolmalydyr. Diýmek, niýet ymamyň tekbiriniň öň ýanynda edilmelidir. Şeýle hem, ymam fatihaýy şerifeýi bitirmänkä, tekbir getirip, ymama uýan kişi iftitah tekbiriniň sogabyny alar. Ymam boljak kişiniň ymamlyga niýet etmegi hökman däldir. Emma özüne aýallar hem uýýan bolsa, onda ymamete niýet etmek gerek bolýar. Şeýle ýagdaýda ymamyň

«Ene ymamün limen tebianiý» ýagny, «Men maňa uýanlara ymamdyryn» diýmegi ýeterlikdir.

Ymam Şafyga görä hem jemagatyň tekbirleri ymamyň tekbirine ýakyn bolmalydyr.

Namazyň wajyplary[düzet | çeşmäni düzet]

Namazyň wajyplary farzlaryň üstüni ýetirýändir. Wajyplary amal etmek bilen nogsanlar aradan aýrylýar. Wajyplardan birini, ýa-da birnäçesini unudyp, terk edeniň üçin, namaz – sahyhdyr – bozulmaz. Ýöne sogaby nogsanly bolar. Bu nogsany aýyrmak üçin namazyň soňunda sehiw sejdesi edilýär. Netijede namaz tamam bolýar, sogaby hem egsilmeýär. Eger wajyplar bilgeşleýin terk edilse, bu tahrimen mekruhdyr. Şeýle namazy täzeden okanyň gowudyr. Bu ýagdaýda sehiw sejdesi namazy tamamlamaga ýeterlik däldir.

Namazyň wajyplary şulardyr:

  1. Namaza Allahu ākbär sözi bilen başlamak. Iftitah tekbiri üçin Allah diýmek ýeterlikdir.
  2. Namazlarda Fatihaýy şerifäni okamak. Beýleki üç mezhepde Fatiha okamak farzdyr.
  3. Fatihadan soň gysga bir sure, ýa-da şoňa deňeçer üç sany gysga aýat, ýa-da uzyn bir aýat okamak. Muňa zammy sura diýilýär. Zammy sura farz namazlarynyň diňe ilkinji iki rekagatynda okalýar. Witr we nafile namazlarynda bolsa, ähli rekagatlarda Fatihadan soň zammy sura okamak wajypdyr. Çünki, nafile namazlarynyň her iki rekagaty öz başyna bir namaz saýylýar. Pygamberimiz: «Fatihasyz we suresiz okalan hiç bir farz ýa-da nafile namazy kanagatlanarlyk däldir» buýrupdyr, (Tirmizi, Ahmed b. Hanbel). Beýleki mezheplerde zammy sura sünnetdir.
  4. Fatihany zammy sureden öň okamak.
  5. Namazyň rükünlerini tertibe laýyklykda berjaý etmek, az ýa-da artyk etmezlik.
  6. Sejdede maňlaýyň bilen birlikde burnuňy ýere degirmek.
  7. Üç ýa-da dört rekagatly namazlarda birinji oturyşy etmek.
  8. Üç ýa-da dört rekagatly farz namazlary bilen Witr we öýle namazynyň ilkinji sünnetinde ikinji rekagatdan soň tahyýýaty okap, göni üçünji rekagata turmak wajypdyr. Tahyýýatdan soň bir rükün eda etjek pursat ara beren kişä sehiw sejdesini etmek gerekdir. Çünki, teşehhüdi uzaltmak bilen farz gijikdirilýär. Bir rükün eda etjek pursat bolsa «Allahumme salli ala Muhammed» diýmäge ýeterlik pursatdyr.
  9. Namazlaryň ilkinji we soňky oturyşlarynda tahyýýaty okamak.
  10. Namazyň wajyplaryndan her birini ýerli-erinde doly berjaý etmek. Olar terk edilmeli ýa-da gijikdirilmeli däldir. Farzlary-da gijikdirmezlik wajypdyr. Meselem, kyýamda Kuran okap bolanyňdan soň eglenmän göni ruku’a egilmelidir. Eglenilse farz bolan ruku’ gijikdirildigi bolar. Şonuň üçin farzlar gijikdirilse, wajyp terk edilse, ýa-da gijikdirilse, sehiw sejdesini etmek gerekdir.
  11. Özbaşdak namaz okaýan kişiniň öýle we ikindi namazlarynda hafi (içinden) okamagy wajypdyr. Gündiz okaljak nafile namazlarda hem kyraet hafi okalýar. Ertir, agşam, ýassy we gije okalýan nafile namazlary bolsa jehri (sesli) okalsa-da bolýar.
  12. Jemagat bilen okalan namazlardan ertir, baýram, juma, terawyh we Witr namazlarynyň her rekagatynda, agşam we ýassy namazlarynyň ilkinji iki rekagatynda ymamyň jehri, beýlekilerde bolsa hafi kyraet etmegi wajypdyr.
  13. Ymama uýan kişiniň Fatiha we sura okaman durmagy, ymamy diňlemegi wajypdyr. Ol diňe ruku’ aralaryndaky tesbih we dogalary öz başyna içinden okamalydyr.
  14. Ymamyň iftitah tekbirini sesli aýtmagy wajypdyr. Özbaşdak okaýanlar ýa-da ymama uýanlar içinden aýtmalydyr.
  15. Witr namazlarynda kunut dogasyny okamak we kunut tekbirini aýtmak. Jemagat bilen okalanda kunut dogalaryny hem ymam, hem jemagat içinden okamaly.
  16. Namazyň içiňden okalýan sejde aýatyndan soň, tilawet sejdesine barmak.
  17. Namazda ta’dili erkana riaýet etmek Ymamy Agzam we Ymam Muhammede görä wajypdyr.
  18. Baýram namazlarynda üç gezek zyýada tekbirlerini aýtmak wajypdyr. Baýram namazlarynyň ikinji rekagatyndaky ruku’ tekbiri hem wajypdyr.
  19. Namazlaryň soňunda ilki saga, soň sol tarapa öwrülip: «Es-selam» diýmek wajypdyr. Çünki, bu salam bilen namaz gutarýar. «Ās-sälämu aleýkum we rahmetullah» diýmek sünnetdir. Başga bir görşe görä, diňe sag tarapa salam bermek wajypdyr, sol tarapa salam bermek sünnetdir. Çünki, namazdan çykmak üçin diňe bir tarapyňa salam bermek ýeterlikdir. Şonuň üçin bir tarapyňa salam bereniňden soň, ymama-da uýulmaýar.
  20. Ýalňyşyp, ýa-da unudyp terk edilen wajyplardan soň, sehiw sejdesini etmek wajypdyr.

Namazyň sünnetleri[düzet | çeşmäni düzet]

Namazyň sünnetlerini berjaý eden kişi iň kämil manyda namaz okar we has köp sogap gazanyp, Pygamberimiziň şefagatyna ýeter. Çünki, sünnetler Pygambere bolan söýginiň bir alamatydyr. Namazyň wajyplary nähili farzlaryň üstüni ýetirýän bolsa, sünnetler hem wajyplaryň üstüni ýetirýär.

Namazyň sünnetlerini bilgeşleýin ýa-da unudyp terk etmek namazy bozmaz, beýle ýagdaýda sehiw sejdesi hem gerek bolmaz. Ýöne magnewi mahrumlyga sebäp bolar. Allah gorasyn! Sünnetleri äsgermezlik we inkär etmek, kişini imansyzlyga eltip biler. Çünki, sünnet diniň hökümlerinden we esaslaryndan biridir.

Namazdan öňki we namazyň içindäki sünnetler şulardyr:

  1. Bäş wagt namaz we juma namazy üçin azan aýtmak we kamat getirmek. Jemagat bolup okaljak kaza namazy üçin hem azan we kamat getirmek sünnetdir. Öýünde ýeke özi namaz okaýan erkek kişiler üçin azan we kamat mustahapdyr. Aýallara azan we kamat getirmek gerekmez.
  2. Namazda niýeti iftitah tekbirine ýakyn almak. Kalp bilen edilen niýeti dil bilen gaýtalamak.
  3. Iftitah tekbirini aýdanyňda elleriňi ýokaryk galdyrmak. Erkek kişiler elleriniň başam barmagyny gulaklarynyň ýumşak ýerine, aýallar bolsa barmaklarynyň ujuny omuzlarynyň deňine çenli ýetirip, barmaklaryny açyp, aýalaryny kybla öwrüp: «Allahu ākbär» diýýärler. Bu hereketi käbir alymlar towhyda yşarat diýip düşündirse, käbirleri dünýä işlerini arkada goýdum, bütin ruhum we bedenim bilen Allaha ýöneldim diýen yşaratyň bardygyny aýdýarlar. Hezreti Omaryň gürrüň beren bir hadysynda Pygamberimiz: «Namaza başlanyňda elleriňi götermek namazyň zynatydyr. Her götereniňde on sogap bardyr, ýagny, her barmaga bir sogap düşer» diýipdir. Bu hadysa esaslanyp, şafygylar we hanbeliler her ruku’a eglenlerinde we dikelenlerinde ellerini ýokaryk göterýärler.
  4. Iftitah tekbirinden soň elleriňi gowşurmak. Erkek kişiler göbekleriniň, aýallar bolsa, göwüsleriniň üstünde ellerini gowşurýarlar. Erkek kişiler çep eliniň goşarynyň daşyndan sag eliniň başam barmagy bilen külbikesini aýlap, galan üç barmagyny hem üstünde goýup, ellerini gowşurýarlar. Aýallar bolsa halka etmän, sag ellerini çep elleriniň üstünde goýýarlar.
  5. Eller gowşurylandan soň, Subhanekäni okamak, soň Fatihany başlamankaň e’uzü-besmele aýtmak. Beýleki rekagatlaryň başynda diňe besmele aýtmak sünnetdir.
  6. Subhanekäni we e’uzü-besmeläni hafi okamak. Zammy suräniň başynda besmele aýdylmaýar. Diňe Ymamy Muhammed hafi kyraet bilen okalan namazlarda Fatihadan soň, okaljak süräniň başynda besmele aýtmagy jaýyz görýär.
  7. Fatiha okalandan soň, içiňden «Ämin» diýmek sünnetdir.Ebu Hureýräniň gürrüň bermegine görä, Resulullah (ﷺ): «Ymam «Ämin» diýen wagty siz hem «Ämin» diýiň. Çünki, kimiň diýen «Ämini» melekleriň diýjek «Äminine» gabat gelse, onuň eden günäleri bagyşlanar» diýipdir.
  8. Ruku’a eglen wagtyň «Allahu ākbär» diýmek.
  9. Ruku’da üç gezek Subhäne Robbiýel-azym» diýmek. Bu bäş ýa-da ýedi gezek hem diýilýär.
  10. Ruku’dan dikeleniňde Semi’allahu limen hämide» diýmek.
  11. Munuň yzyndan «Robbenä lekel-hämd» diýmek.
  12. Kyýamda uzury ýok bolsa, aýaklarynyň arasyny dört barmak açmak. Çünki, bu ýagdaý huşu’a has ýakyndyr. Şafygylara görä, iki aýak arasy bir garyş çemesi açylýar.
  13. Ruku’da dyzlary tutanyňda barmaklaryň arasyny açmak. Aýallar ellerini dyzlaryna ýetirmeli däldir.
  14. Ruku’da dyzlary epmezlik, arkaňy, başyňy göni tutmak. Aýallar ruku’da dyzlaryny epip, çala egilmelidir.
  15. Sejdä baranyňda ýere ilki dyzyňy, soňra elleriňi, soňra ýüzüňi goýmak. Sejdeden galanyňda ilki ýüzüňi, soňra elleriňi, soňra dyzyňy ýerden götermek.
  16. Sejdä baranyňda we turanyňda «Allahu ākbär» diýmek. Ruku’a we sejdä barlanda we dikelinende getirilýän bu tekbirlere intikal (geçiş) tekbirleri diýilýär. Bulary öz ýerinde we wagtynda etmelidir. Meselem: sejdä baranyňdan soň, tekbir aýtmak dogry däldir.
  17. Sejdede ýüzüňi iki eliň arasynda goýmak. Eller ýüzden öňde ýa-da yzda bolmaly däldir. Eliň aýasy ýere doly degmelidir we barmaklaryň arasy bitişik bolmalydyr.
  18. Sejdede üç gezek «Subhäne Robbiýel-a’lä» diýmek. Muny bäş ýa-da ýedi gezek hem aýtmak bolýar.
  19. Sejdedekäň garnyňy uýlukdan, elleriňi göwräňden, goşaryňy ýerden daş saklamak. Aýallar bolsa sejdede goşarlaryny ýere degirýärler we tirseklerini göwrelerine ýakyn tutýarlar, garynlaryny hem uýluklaryna degirýärler.
  20. Birinji we soňky oturyşlarda sejde arasynda oturanyňda elleri kybla bakdyryp, uýluklaryň üstüne goýmak.
  21. Oturanlarynda sol aýagyňy ýatyryp, üstünde oturmak, sag aýagyňy barmaklaryny Kybla bakdyryp, dik saklamak. Aýallar iki aýagyny hem saga ýatyryp oturýarlar.
  22. Tahyýýaty içiňden okamak.
  23. Soňky oturyşda tahyýýatdan soň, salawatlary, Allahümmagfirli we Rabbenä ätinä dogalaryny okmak.
  24. Gaýry muekked sünnetleriň (ikindi we ýassynyň ilkinji sünnetleri ) birinji oturylyşynda tahyýýatdan soň salawatlary okamak. Terawyhda her oturyşda tahhyýat bilen salawatlar okalýar.
  25. Namazdan soň ýüzüňi ilki sag soňra sol egniňe öwrüp salam bermek. Ýeke özi namaz okaýan kişi salam berende, kiramen kätibin meleklerini göz öňünde tutýar. Jemagat bilen okaýanlar bolsa, melekleri, jemagaty we ymamy göz öňünde tutup, salam berýärler.
  26. Ymama soň ýetişen kişiniň okamadyk rekagatlaryny tamamlamak üçin ymamyň soluna salam bermegine garaşmagy.
  27. Öňi açyk meýidanda namaz okalanda sütre edinmek.

Namazda sütre edinmek[düzet | çeşmäni düzet]

Sütre – öňi açyk ýerde namaz okaýan kişiniň öňünden geçenden penalanmak üçin goýýan bir zadydyr. Sütre iň azyndan bir arşyn (68-70 sm.) beýiklikde bolmalydyr. Sütre agaç, sütün, taýak, oturgyç we ş.m. zatlar bolup biler. Hadysy şerifde bir ok hem bolsa, sütre goýulmagyny emr edilipdir. Eger-de taýagy ýere dikmek mümkin bolmadyk ýagdaýynda uzynlygyna ýatyrmak hem bolýar. Eger sütre edere zat tapylmasa, namaz okaýan kişi öňüne uzynlygyna ýa-da ýaý görnüşinde bir çyzyk çekse-de bolýar. Eger ýere namazlyk ýazylsa, onda sütre goýulmasa-da bolýar. Çünki, ol ýere çyzylan çyzygyň ornuny tutup bilýär. Erkek kişiler öňünden geçýäni habardar etmek üçin sesini gataldyp bilýär, ýa-da «Subhänalla(h)» diýse-de bolýar. Namaz okaýanyň öňünden geçilmegi onuň namazyna zyýan bermez, emma geçen kişi günäkär bolar. Namaz jemagat bilen okalan ýagdaýynda diňe ymamyň öňüne sütre goýmak ýeterlikdir.

Namazyň edepleri[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Namazda bedeni hem ruhy taýdan huzur we haş’etde bolmak. Hadysda: «Namazyň kämili diňe kalp huzury bilen okalanydyr» diýilýär. Şonuň üçin namazda huşug we huzur içinde bolan bir mukminiň ebedi sagadata we bagta ýetjegi Kurany Kerimde şeýle buşlanýar:
    «Namazyny haş’et içinde okan mukmin felaha ýeter», (Mü’minun, 1-2).
  2. Namaza öňi açyk eşik bilen durmazlyk. Mümkin bolsa ilikleriňi ildirmek.
  3. Namaz okanyňda kyýamda sejde etjek ýeriňe, ruku’da aýaklaryňa, sejde-de burnuň ujuna, oturanyňda gujagyňa, salam bereniňde eginleriňe seretmek.
  4. Namazda üsgürmegi ýa-da sesli gägirmegi başardygyňça etmejek bolmaly.
  5. Namazda pallanyňda agzyňy tutmak hem adapdandyr. Pallamazlyk üçin dodaklaryňy dişlemeli, şonda-da başarmasaň, sag eliň arkasy bilen agzyň öňüni ýapmalydyr. Hadysy şerifde: «Allah asgyrmagy gowy görýär, pallamagy bolsa halaýan däldir. Mümkin boldugyça, namazda pallamajak bolmalydyr» diýilýär.
  6. Ruku’ we sejdede aýdylýan tesbihleri özbaşdak okanyňda üç gezekden köp aýtmak.
  7. Kamat getirilende «Haýýe alel-felah» diýlende ymam bilen birlikde ör turmaly. Ymam Züfere görä, «Häýýe älos-solä» diýlende ör turulmaly.
  8. «Kod komätis-solä» diýlende, ymamyň namaza başlamagy muedzini (azançy) tassyklamakdyr. Munuň bilen birlikde kamat gutarandan soň hem namaza başlansa zeleli ýokdur. Ymam Ebu Ýusuf bilen beýleki üç mezhep ymamyna görä, şeýle etmek has laýygydyr.
  9. Bir namazy okap gutaranyňdan soň, indiki namazy okamagy arzuw edip garaşmak.
  10. Namazdan soň tesbihleri aýtmak, jemagat bilen goşulyşyp doga etmek. Bulary terk etmezlik afzaldyr.
  11. Her namazdan soň Kuran okamak.
  12. Öýde, iş ýeriňde namazy kynçylyksyz okar ýaly çäreleri öňünden görmek.

Namazyň mekruhlary[düzet | çeşmäni düzet]

Namazyň wajyplaryndan islendik birini bilip berjaý etmezlik tahrimen mekruhdyr. Sünnet ýa-da adabyndan birini etmezlik mekruh bolsa-da, harama ýakyn däldir.

Namazyň mekruhlary:
  1. Namazda bedeniň ýa-da eşigiň bilen güýmenmek. Salkynlamak maksady bilen ýelpenmek.
  2. Taharetiň gyssaýan, ýa-da nahar taýýar wagty namaza durmak. Çünki, bular kalp we ünsüňi böler.
  3. Namazda barmaklaryňy şyrkyldatmak ýa-da oýnamak. Pygamberimiz: «Mesjitdekäňiz barmaklaryňyzy bir-biriniň içinden geçirmäň. Çünki, şeýle hereket şeýtandandyr. Musulman kişi mesjitden çykýança namazdadyr» diýipdir, (Şewkany).
  4. Namazda pallamak, gerinmek.
  5. Göwräňi kybladan öwürmän ýüzüňi gapdalyňa sowmak. Göwre kybladan öwrülse namaz bozular.
  6. Erkek kişileriň sejde eden wagty gollaryny ýere degirmegi.
  7. Sejdä eglen wagtyň öňüňden ýa-da arkaňdan eşigiňi çekmek.
  8. Hapa ýa-da başganyň ýanynda görnüp bolmajak eşik bilen namaza durmak. Öýde geýilýän eşikler bilen namaz okamak jaýyzdyr.
  9. Köýnegiň ýeňini çermäp namaza durmak.
  10. Kyraeti doly gutarman ruku’a egilmek.
  11. Ikinji rekagatda ilkinji rekagatda okan süräň ýa-da aýatyň öňündäki süräni ýa-da aýaty okamak.
  12. Birinji we ikinji rekagatda okan iki suräniň arasynda diňe bir sura goýup geçmek. Mysal üçin birinji rekagatda Fil suresini, ikinji rekagatda Maun suresini okamak. Arada diňe Kureýş suresi galýar. Kerahatdan gutulmak üçin, eger yzly-yzyna okamajak bolsaň, arada iň azyndan iki sura goýulmalydyr.
  13. Her namazyň birinji rekagaty ikinjiden, üçünji rekagaty dördünjiden uzyn bolmalydyr.
  14. Iki rekagatda-da şol bir süräni gaýtalamak. Eger bilýäniň ýeke sura bolsa, mekruh bolmaz. Nafile namazlarda şol bir suräni gaýtalamakda kerahat ýokdur.
  15. Namazda gözüňi ýummak ýa-da asmana dikmek. Ýöne huşuga zyýan ýetirjek, ünsüňi böljek bir zady görmejek bolup gözleriňi ýummak seretmekden ýagşydyr.
  16. Namazda gaşanmak, deriňi sylmak. Eger-de bulary etmeseň, pikiriň bölünjek bolsa jaýyzdyr. Bir rekagatda üç gezek şol bir hereketi gaýtalamak amaly kesir saýylýar. Bu bolsa namazy bozýar.
  17. Janly zadyň suratyna tarap sejde etmek. Janly zadyň suratynyň namaz okaýan ýeriňde bolmagy. Ebu Talhanyň Pygamberimizden gürrüň bermegine görä: «Melekler içinde it ýa-da surat we heýkel bolan öýe girmez», (Buhary, Muslim, Ebu Dawud). Eger-de surat namaza duranyň ünsüni bölmejek derejede kiçi bolsa zyýany ýokdur. Şeýle hem ýadygärlik uly suratlary kybla tarapdan asmaly däldir.
  18. Ýüzünde janly zadyň suraty bolan eşikli namaza durmak.
  19. Bir uzur ýokka, sejde edeniňde diňe maňlaýyňy degrip oňmak.
  20. Gatnawly ýolda, gonamçylykda, hammamda, hapa dökülen ýerde, haýwanyň damagynyň çalnan ýerinde (mezbahada), mal agyllarynda, Käbäniň üstünde namaza durmak. Hanefilere görä, gonamçylykda mazar arka tarapyňda bolsa, namaz okamak mekruh däldir.
  21. Mesjitde öň hatarda ýer barka, yzky hatarda durmak.
  22. Ýanyp duran oda tarap bakyp namaz okamak. Şeme, çyra bakyp namaz okamakda kerahat ýokdur.
  23. Başyňy örtere zat barka-da, ýaltalyk edip örtmedik ýagdaýyňda başyň açyk namaz okamak. Namazda başyňa geýen gabyň üstünden selle oramak sünnetdir. Pygamberimiz: «Selleli okalan namaz sellesiz okalan namazdan ýetmiş esse sogaplydyr» (Taj) diýipdir. Käbir alymlara görä, başyň gaply namaz okamak hem selläniň ýerini tutýar.
  24. Namazyň içindäki aýatlary, ruku’ we sejdelerde okalýan tesbihleri el bilen sanamak.
  25. Öňüňden adam geçjek ýerde namaza durup, sütre goýmazlyk.
  26. Sejdä baranyňda uzursyz halda elleriňi dyzlaryňdan öňürti ýerde goýmak, turanyňda hem dyzlaryňy elleriňden öňürti ýerden galdyrmak, ýa-da elleriňe direnip turmak.
  27. Ruku’ we sejdede tesbihleri üçden az aýtmak.
  28. Zerurlyk ýokka, eliňe ýa-da arkaňa çaga alyp namaza durmak.
  29. Zerurlyk ýokka, erkek kişileriň ýüpek eşikli namaz okamagy. Ýüpek namazlygyň üstünde namaz okamak bolýar.
  30. Ýeke aýagyňa direnip, beýleki aýagyňy boş saklap namaz okamak ýa-da bir aýagyňy ýerden ýokaryk galdyrmak.

Namazda mekruh bolmaýan zatlar[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Ýüzi suratly matanyň üstünde namaza durulsa, surat aýagyň aşagynda bolup, sejde ýerine düşmese;
  2. Namazda ýylan, içýan öldürmek; Emma bu iş amaly kesirdir, eger göwre kybladan öwrülse namaz bozulýar.
  3. Ýüzüňi öwürmän, gözüň bilen saga-sola seretmek;
  4. Meýdanda namaz okan wagtyň sejde etjek ýeriňden ünsüňi sowjak zatlary aýyrmak.

Ertir namazynyň düzgüni[düzet | çeşmäni düzet]

Ertir namazy iki rekagat sünnet we iki rekagat farz bolup jemi dört rekagatdan ybaratdyr. Ilki sünnet okalýar. Munuň okalyşy şeýledir:

Namazyň şertleriniň hemmesi doly berjaý edilenden soň, kybla bakyp ertir namazynyň sünnetini okamaga kalpdan niýet edilýär. Içiňden: «Allahyň ryzalygy üçin şu günki ertir namazynyň sünnetini okamaga niýet etdim» diýmek bolar.

Niýet esasy ýürekden edilmelisi farz. Niýet bilen tekbiriň arasyna başga pikir girmeli däl. Mundan soň elleriň gulaklaryň deňine çenli galdyrylyp başam barmaklar gulagyň ýumşak ýerine degirilýär. Günde okalýan 5 wagt namazda niýet edilenden soň aýdylýan tekbirden başga tekbirlerde eller ýokary göterilmeýär. Eliň aýasy kybla bakdyrylyp barmaklaryň açyk ýagdaýynda «Allahu ākbär» diýip, iftitah tekbiri aýdylýar. Aýallar bolsa ellerini eginleriniň deňine çenli galdyryp tekbir edýär. Tekbirden soň, erkek kişiler göbeginiň aşagyna, aýallar bolsa göwüsleriniň üstünde gol gowşurýar. Mundan soň içinden «Subhäneke» okalýar.

«Subhäneke-Allahumme we bihämdik we tebärokesmuk we te-a’lä jedduk we lä ilähe goaýruk».

Onuň yzyndan içinden

  1. «Āu’zu billähi mineş-şetonir-roji:m»
  2. «Bismillä:hir-roahmä:nir-roahi:m»

aýdyp, «Fatiha» okalyp,

Fatiha

içiňden «Ämin» diýilýär.

Fatihanyň yzyndan zammy (bir uzyn aýat ýa-da bir gysga sura) sura okalýar. Namazda zammy suranyň öňünde «Bismillä...» aýdylmaýar. Şeýlelikde, namazyň kyýam we kyraet rükünleri tamam bolýar.

Kyraet gutarandan soň eller aşak goýberilip, «Allahu ākbär» diýlip, ruku’a egnilýär. Elleri dyzçanagy üstünde goýlup (erkekler gysyp saklap) durulýar. Erkekleriň arkasy bilen kellesi ýer bilen parallel, ýagny stol ýaly tekiz edilýär. Zenanlar bolsa aralyk egilmeli, ýagny azyrak. Ruku’da üç gezek «Subhäne Roabbiýel-azym» diýilýär. (Iň azyndan 5 sekunt eglip durmaly, ýagny derrew okamaly däl.)

Ruku’dan «Semi-Allahu limen hämide» diýlip dogrulynýar (eger imama uýulan bolsa diňe imam aýdýar). Dik durup «Robbenä lekel hämd» diýilýär (eger imama uýulan bolsa diňe uýan adamlar aýtmaly). Soňra «Allahu ākbär» diýlip sejdä gidilýär. Imama uýan adam diňe imamdan soň içinden tekbir aýtýar. Sejdede üç gezek «Subhäne Roabbiýel a’lä» diýilýär. (Iň azyndan 5 sekunt bolmaly, ýagny derrew okamaly däl.) «Allahu ākbär» diýip sejdeden dikelip, «Subhänalla» diýer salym oturylýar. Bu oturuşda göwräň doly dikelmeli, ýagny göwräň dikelmän ýene seždä gitmeli däl. (Iň azyndan 2 sekunt oturmaly.) Soňra ýene «Allahu ākbär» diýlip ikinji sejde edilýär. Ikinji sejdäniň tesbihleri aýdylandan soň, «Allahu ākbär» diýip, dik durulýar. Şeýlelikde, birinji rekagat tamamlanyp, ikinji rekagata başlanylýar.

Ikinji rekagatda diňe «Bismillä:hir-rohmä:nir-rohi:m» aýdylyp, «Fatiha» we zammy sura okalýar. Ýokarda (görkezilişi) aýdylşy ýaly ruku’ we sejdeler edilýär, ikinji sejdeden soň oturylýar we tahyýýat:

«Ättähiýýätu lillähi wossoläwätu wottoýýibät. Äs-sälämu aleýke äýýuhennebiýýu we rohmetullahi we berokätu. Ās-sälämu a’leýnä we a’lä i’bädillähys-solihin. Äşhädu äl-lä: ilähä illalla. We äşhädu än-nä Muhämmädän a’bduhu we rosulu».

salawat:

  1. «Allahumme solli a’lä Muhämmädiw we a’lä äli Muhämmäd. Kemä solleýte a’lä Ibrohime we a’lä äli Ibrohim. Innäkä hämidum mejid».
  2. «Allahumme bärik a’lä Muhämmädiw we a’lä äli Muhämmäd. Kemä bäroktä a’lä Ibrohime we a’lä äli Ibrohim. Innäkä hämidum mejid».

Allahummagfirlini okamaly:

Alla:hummagfirli: weli wälideýýe weli ustä:zi: weli jemi:yl-mukmini:ne wel-mukminä:t wel-muslimi:ne wel-muslimä:t. Äl-ahýä-i minhum wel-emwä:t. Robbenä: ä:tinä: fid-dunýä: häsänetew-we fil-a:hiroti häsänetew-we kynä: aza:ben-nä:r. Birohmetike ýä: Arhämer-Ro:himi:n.

Mundan soň sag we çep egniňe:

«Ās-sälämu aleýkum we roahmetulla» diýip salam berilýär.

Şeýlelik bilen ertir namazynyň sünneti tamam bolýar. Ertir namazynyň sünnetinde kyraet, tekbir we tesbihler içiňden okalýar.

Ertir namazynyň farzy hem edil sünneti ýaly okalýar. Ýöne ilki kamat getirilýär (aýallar kamat getirmezler), soň niýet edilende «Şu günki ertir namazynyň farzyny okamaga» diýip niýet edilýär. Ertir namazynyň farzynyň kyraetlerini jemagat bilen okanyň sesli okalýar. Ýeke bolanyňda hem sesli okasaň bolýar.

Öýle namazynyň okalyş düzgüni[düzet | çeşmäni düzet]

Öýle namazy dört rekagat ilki sünnet, dört rekagat farz we iki rekagat soňky sünnet bolup jemi on rekagatdan ybaratdyr. Ilki dört rekagat sünnet okalýar. Sünneti okamak üçin ilki ýokarda görkezişimiz ýaly niýet edilýär. Soňra edil ertir namazynyň sünneti ýaly iki rekagat okalýar. Oturylanda diňe tahyýýat okalýar. «Allahu ākbär» diýip üçünži rekagata turulýar. Üçünji we dördünji rekagatlar hem edil birinji we ikinji rekagatlar ýaly okalýar. Ýöne üçünji rekagatda «Fatihadan» öň diňe «besmele» aýdylýar. «Subhaneke» we «e’uzü» okalmaz. Mundan soň soňky oturylyşa oturylýar, tahyýýat bilen birlikde salawat we dogalar okalyp salam berilýär. Şeýlelikde, öýle namazynyň ilkinji dört rekagat sünneti tamam bolýar. Öýläniň farzy hem sünneti ýalydyr. Ýöne niýet edilende öýläniň farzyna diýip niýet edilýär. Şeýle hem üçünji we dördünji rekagatlarda diňe «Fatiha» okalýar, zammy sura okalmaýar. Bu diňe öýläniň farzynda däl-de, farz namazlarynyň ählisinde şeýledir. Öýläniň soň sünneti hem edil ertiriň sünneti ýaly okalýar. Ýöne niýet edilende öýläniň soňky sünnetine diýip niýet edilýär. Öýläniň sünnetlerinde, farzynda kyraet hafi okalýar.

Ikindi namazynyň okalyş düzgüni[düzet | çeşmäni düzet]

Ikindi namazy dört sünnet we dört farz bolup, jemi sekiz rekagatdyr. Ilki sünneti okalýar. Ikindi namazynyň sünnetini okamak ýurdumyzda beýle meşhur däldir. Ikindi namazynyň sünnetini okamak üçin ilki niýet edilýär, soňra edil öýle namazynyň sünneti ýaly okalýar. Ýöne ikinji rekagatyň soňundaky birinji oturylyşda öýläniň sünnetinde diňe tahyýýat okalýan bolsa, ikindiniň sünnetinde salawatlar hem okalýar. Üçünji rekagatda-da namaza täzeden başlaýan ýaly, ilki «Subhaneke» okap, «e’uzü-besmele» aýdylýar we Fatiha bilen zammy sura okalýar. Dördünji rekagatda hem Fatiha bilen zammy sura okalýar. Şeýlelikde, ikindi namazynyň sünneti tamamlanýar. Ikindiniň farzy öýläniň farzy ýalydyr, diňe niýet üýtgeşikdir. Ikindi hem öýle ýaly hafi (içiňden) okalýar.

Agşam namazynyň okalyş düzgüni[düzet | çeşmäni düzet]

Agşam namazy üç farz, iki sünnetden ybaratdyr. Farz ilki okalýar. Ilki bilen agşamyň farzyna niýet edilip namaza durulýar. Ilki iki rekagaty beýleki namazlaryň farzlary ýaly okalandan soň oturylýar. Diňe tahyýýat okalyp, üçünji rekagata turulýar. Üçünji rekagatda bolsa, diňe Fatiha okalyp, ruku’, sejde edilip, soňky oturylyşa oturylýar. Soňra tahyýýat, salawat we dogalar okalyp salam berilýär. Farzdan soň, sünnete niýet edilip, edil ertir namazynyň sünneti ýaly okalýar. Agşam namazynyň farzy, ertir namazynyň farzy ýaly sesli okalýar.

Ýassy namazynyň okalyş düzgüni[düzet | çeşmäni düzet]

Ýassy namazy dört sünnet, dört farz, iki soňky sünnet we üç Witr bolup, jemi 13 rekagatdan ybaratdyr. Ýassynyň ilki dört sünnetine niýet edilip edil ikindiniň sünneti ýaly okalýar, ýagny ilkinji oturylyşda tahyýýatdan soň salawatlar hem okalýar. Ýassynyň bu ilki dört rekagat sünneti Türkmenistanda meşhur däldir. Ýassynyň farzynyň okalyşy bolsa, öýle we ikindiniň farzy ýalydyr. Diňe niýet edilende ýassynyň farzyna niýet edilýär. Şeýle hem ýassy namazy jehri (sesli) okalýar. Ýassynyň soňky sünnetiniň okalyşy hem agşam namazynyň sünnetiniňki ýalydyr. Munda hem diňe niýet edilende, ýassynyň soňky sünnetine niýet edilýär. Biziň ýurdumyzda ýassynyň soňky sünnetini dört rekagat okamak meşhurdyr. Eger dört rekagat okaljak bolsa, ikindiniň sünneti ýaly okalýar.

Witr namazynyň okalyşy[düzet | çeşmäni düzet]

Witr namazy ilki niýet edilýär, birinji we ikinji rekagatlar edil ertir namazynyň sünneti ýaly okalýar. Ikinji rekagatyň soňunda oturylýar we tahyýýat okalyp, üçünji rekagata turulýar. Üçünji rekagatda «besmele» aýdylyp, Fatiha we zammy sura okalýar. Soňra ruku’a egilmän eller gullaklara ýetirilip tekbir alynýar. Soňra ýene gollaryňy gowşuryp kunut dogalary okalýar. Kunut dogalaryny okanyňdan soň, ruku’ we sejde edilip oturylýar. Soňra tahyýýat, salawat we dogalar okalandan soň salam berilýär. Kunut dogasyny bilmeýän kişi, ony ýat tutýança, «Rabbenä ätinäni» ýa-da üç gezek «Allahummagfirli», diýip biler ýa-da üç gezek «Ýa, Rabbi» diýmek hem jaýyzdyr. Witr namazy diňe remezan aýynda jemagat bilen okalýar. Ymam namazy jehri okadýar. Diňe kunut dogasyny her kim içinden okaýar. Remezan aýyndan başga günlerde Witri jemagat bilen okamak mekruhdyr. Witrden başga namazlarda kunut dogasy okalmaýar. Diňe bir musybata, betbagtçylyga ýa-da bela uçralan hallarda ertir namazynyň farzynda kunut dogasy okalyp bilner. Ymam Mälik we Ymam Şafyga görä, ertir namazynyň farzynda hemişe ruku’dan soň kyýamda kunut dogasy okalýar. Bu mälikilere görä mustahap, şafygylarda bolsa sünnetdir. Ertir namazynda kunut dogasyny okaýan mäliki ýa-da şafygy ymama uýan bir hanefi hiç zat okaman durar. Eger okajak bolsa, içinden okar.

Kunut dogalary[düzet | çeşmäni düzet]

Arapçasy
  1. اَللَّهُمَّ اِنَّا نَسْتَعِنُكَ وَنَسْتَغْفِرُكَ وَنَسْتَهْدِيكَ، وَنُؤْمِنُ نِكَ وَنَتَوبُ اِلَيْكَ، وَنَتَوَكَّلُ عَلَيْكَ وَنُثْنِى عَلَيْكَ الخَيْرَكُلَّهُ نَشْكُرُكَ وَلاَ نَكْفُرُكَ وَنَخْلَعُ وَنَتْرُكُ مَنْ يَفْجُرُكَ
  2. اَللَّهُمَّ اِيَّاكَ نَعْبُدُ وَلَكَ نُصَلِّى وَنَسْجُدُ وَاِلَيْكَ نَسْعِى وَنَحْفِدُ نَرْجُو رَحْمَتَكَ وَنَحْشَى عَذَابَكَ اِنَّ عَذَابَكَ بِالْكُفَّارِ مُلْحِقٌ
Terjimesi
  1. Allahym! Biz Senden bize ýardam bermegiňi, bizi bagyşlap ýalkamagyňy, bize hidaýet bermegiňi dileýäris. Saňa iman edýäris. Toba edýäris. Saňa töwekgül edip, bil baglaýarys. Seni hemişe ýagşy duýgular bilen ýatlaýarys. Saňa şükür edýäris. Seni inkär etmeýäris. Saňa isýan edýänler bilen baglanyşygymyzy keseris.
  2. Allahym! Biz diňe Saňa ybadat edýäris. Seniň razylygyň üçin namaz okap, sejde edýäris. Seniň rahmetiňe gowuşmak üçin gaýrat edýäris. Seniň rahmetiňi tama edip, azabyňdan gorkýarys. Seniň azabyň käfirlere hökman ýeter.

Sehiw sejdesi[düzet | çeşmäni düzet]

Sehiw sejdesi namazda farzlaryň gijikdirilmegi, wajyplardan biriniň undulyp terk edilmegi ýa-da gijikdirilmegi sebäpli, şol ýalňyşy düzetmek maksady bilen namazyň soňunda edilýän sejdedir. Sehiw sejdesi wajypdyr. Sehiw sejdesi iň soňky oturyşda, tahyýýat okalandan soň, ymam diňe sag tarapyna, özbaşdak ýeke özi okaýan kişi bolsa, iki tarapyna-da salam berip, «Allahu ākbär» diýip, soňra iki gezek sejde etmeli. Sejdeden soň täzeden tahyýýat, salawat we beýleki dogalary okap, iki egniňe salam berilýär. Netijede, sehiw sejdesi berjaý bolýar. Namaz okaýan kişi salam berenden soň ýalňyşandygyny bilse, ýüzüni kybladan öwürmedik, gürlemedik bolsa, sehiw sejdesini etmelidir. Ýöne ýerinden turup, ýüzüni kybladan öwren ýa gürlän bolsa, sehiw sejdesi edilmez. Namaz sahyhdyr, diňe sehiw sejdesi edilmändigi üçin sogaby azalar.

Şu ýagdaýlarda sehiw sejdesi gerekdir[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Fatihadan soň zammy süräni okaman ruku’a gitmek. Eger-de ruku’da ýadyna düşse dikelip, zammy süräni okap, soň gaýtadan ruku’a gitmeli, namazyň soňunda sehiw sejdesini etmelidir.
  2. Unudyp Fatihany iki gezek okamak;
  3. Witr namazynda tekbiri we kunut dogasyny unutmak; Ruku’daka ýadyňa düşse, dikelip kunut dogasyny okamak gerek däl, diňe soňunda sehiw sejdesini etmek ýeterlikdir.
  4. Dört rekagatly namazda iki rekagaty okanyňdan soň, oturman göni üçünji rekagata başlamak, ýagny, birinji oturyşy terk etmek. Bu ýagdaýda: eger namaz okaýan kişi doly ýerinden turan bolsa, ýa-da turmaga ýakyn bolsa, oturmaz. Namazy gutarandan soň, sehiw sejdesini eder. Eger oturmaga ýakyn ýagdaýda bolsa oturar, soňunda sehiw sejdesini etmez. Doly turanyňdan soň, täzeden oturmak namazy bozýar.
  5. Birinji oturyşda tahyýýaty okanyňdan soň, «Allahumme salli ala Muhammed» diýseň sehiw sejdesi gerekdir. Käbirlerine görä bolsa munuň üstüne «we ala äli Muhammed» sözi aýdylmasa sehiw seždesi gerek däl. Ymam Agzama görä bolsa birinji oturyşda tahyýaty okanyňdan soň bir harp hem artyk aýdylsa sehiw seždesi edilmelidir. Käbirleri bolsa bir rükün eda etjek wagt aralygy gijikdirmeseň sehiw seždesi gerek däldir, dürs bolany hem şudur diýip belläpdirler.
  6. Dört rekagatly farz namazlarda soňky rekagatda oturman bäşinji rekagata turulsa, bäşinji rekagatyň kyýam, kyraet we ruku’sy tamalanyp sejde edilmedik bolsa täzeden oturylýar. Tahyýýatdan soň salam berlip sehiw sejdesi edilýär. Çünki bu ýagdaýda farz bolan soňky oturylyş gijikdirilen hasaplanýar. Ýöne bäşinji rekagatda sejde edilen bolsa, bu namaz nafilä öwrülýär, üstüne ýene bir rekagat goşup, alty rekagatlyk nafile namazy okaldygy bolýar. Soňunda sehiw sejdesi edilmeýär. Bu Ebu Ýusuf we Ymamy Agzama görä şeýledir. Ymam Muhammede görä bolsa, bäşinji rekagatyň sejdesinden başyňy galdyran ýagdaýyňda namaz batyl bolýar.
  7. Dört rekagatly farz namazynyň soňky oturyşynda teşehhütden soň ýerinden turan kişi, göni oturyp iki egnine salam berýär. Täzeden tahyýýat okamagy gerekmez. Çünki, ol farz bolan oturyşy ýerine ýetirendir. Emma wajyp bolan salam gijikdirileni üçin sehiw sejdesi gerekdir.
  8. Dört rekagatly farz namazynyň soňky oturyşynda salam bermän ýalňyşyp ýeriňden tursaň, derrew oturylyp salam berilýär we sehiw sejdesi edilýär. Ýöne bäşinji rekagat üçin sejdä gidilen bolsa, ýene bir rekagat goşulýar. Bu ýagdaýda öňki dört rekagat bilen farz tamam bolýar. Beýleki iki rekagat bolsa nafile saýylýar. Çünki, farz bolan soňky oturyş ýerinde berjaý edilendir. Agşam namazynda ikinji oturyşdan soň, dördünji rekagata, ertir namazynda bolsa, üçünji rekagata turlanda hem höküm edil ýokardaky ýalydyr.
  9. Ymama soňundan ýetişen kişi özbaşdak okan rekagatlarynda hata etse, şol hatalary üçin sehiw sejdesini etmelidir.
  10. Ymam daşyndan okamagy wajyp bolan ýerde içinden, içinden okamagy wajyp bolan ýerde-de daşyndan okasa, mysal üçin, öýle namazynda Fatiha we zammy süräni daşyndan, agşam namazynda-da içinden okasa sehiw sejdesi gerekdir.
  11. Içiňden okamaly ýerinde Fatihanyň köpüsi ýalňyşylyp daşyňdan okalsa, galany içiňden okalýar. Tersine, daşyňdan okamaly bir namazda Fatihanyň bir bölegi içiňden okalsa, soň daşyňdan okamalydygy ýatlanylsa, Fatiha täzeden başlanyp, daşyňdan okalýar. Ýöne käbir garaýyşa görä, Fatiha täzeden okalmaz-da, diňe galany daşyňdan okalýar. Ymam ertir namazynda Fatiha suresini ýalňyşyp içinden okasa, soň ýalňyşandygyny bilse, zammy süräni daşyndan okaýar, ýöne Fatihany täzeden okamaýar.
  12. Namazy üçmi ýa-da dört rekagat okandygyňa şübhelenseň, ýa-da Fatiha okanyňdan soň haýsy aýat ýa-da suräni okajakdygyň barada bir rükün eda etjek möhlet oýlansaň, sehiw sejdesini etmek gerekdir. Çünki, wajyp gijikdirilen bolýar.
  13. Ta’dili erkan terk edilse, sehiw sejdesi gerekdir.
  14. Namazda sehiw sejdesi gerek bolan birnäçe hata edilse-de, bir sehiw sejdesi edilýär.
  15. Bir namazyň rekagatlarynyň sanyna şübhe etmek, eger-de namaz okaýan kişi was-wasly adam däl bolsa, okalan namazy bozýar we namaz täzeden okalýar. Şeýle hem, wagt barka namazy okap-okamandygy barada şübhe eden hem şol namazyny täzeden okamaly. Namazy okap tamamlanyňdan soň, rekagat sanynda şübhe etmek ýerliksizdir, muňa ähmiýet berilmeýär. Ýöne kem okandygyňy anyk bilýän bolsaň, namazy täzeden okamalydyr.

Namazdan soň okalýan tesbihler we dogalaryň adaby[düzet | çeşmäni düzet]

Tesbihler[düzet | çeşmäni düzet]

Namazdan soň ymamyň we jemagatyň üç gezek:

«Ästagfirullahel-azym, äl-kerim älläzi lä ilähe illähul-hoýýul koýýumu we etubu ileýh» diýmekleri sünnetdir.
(Manysy: Azym we Kerim bolan Allaha istigfar edýärin. Çünki, Ondan başga ilah ýokdur. Ol Haýý we Kaýýumdyr. Oňa toba edýärin).

Jemagat bilen ýa-da ýeke özi bolsun tapawudy ýok, istigfardan soň:

«Allahumme entesselämu we minkes-selam. Tebärokte ýä zeljeläli wel ikrom» diýilýär.
(Manysy: Allahym! Sen ähli nogsanlardan amansyň, salamatlyk Sendendir. Eý, azamat we kerem eýesi Seniň ynaýetiň we bereketiň soňsuzdyr)

Şundan soň: «Subhänalla(h)i wĀlhämdulillähi we-Lä ilähä illallahu wAllahu ākbär. Welä hawle welä kuwwete illä billähil aliýýul azym» diýilýär. (Manysy: Allahy tesbih edýärin. Allaha hamd edýärin. Allahdan başga ilah ýokdur. Allah iň beýikdir. Güýç we kuwwat diňe Belent we Azym bolan Allaha mahsusdyr)

Her kim e’uzi-besmele aýdyp, Aýatul-Kursini okaýar.

Hadysy şerifde

«Her kim bäş wagt namazdan soň Aýatul-Kursini okasa, ony jennete girmekden diňe ölüm saklar» diýlipdir.

Soňra, islän kişi Yhlas, Felak we Näs surelerini hem okap biler. Mundan soň 33 gezek Subhänalla(h), 33 gezek Ālhämdulilläh, 33 gezek Allahu ākbär diýer. Tesbihleri barmaklar bilen sanamak sünnetdir. Pygamberimiz barmaklary bilen sanapdyr. Ýöne tesbih ulanmak hem jaýyzdyr. Sahabalardan daş sanap tesbih edenler hem bolupdyr. Ebu Hureýre hezretleriniň hem düwünli ýüplügi bar eken. Ýöne barmaklar bilen sanamak tesbih bilen sanamakdan afzaldyr. Mundan soň: «Lä ilähä illallahu wahdehu lä şerike leh, lehul mulku we lehul hämdu we huwe a’lä kulli şeý-in kodir. Subhäne Robbiýel a’lel wehhab» diýilýär. (Manysy: Allahdan başga ilah ýokdur. Ol ýeke-täkdir, şärigi hem ýokdur. Mülk Onuňkydyr. Hamd diňe Oňa laýykdyr. Ol her bir zada Kadyrdyr) Soňra eller döşüň deňine galdyrylyp, doga edilýär. Dogada umuman özi we musulman doganlary üçin dünýä we ahyret haýyrlary dileg edilýär. Dogalaryň iň fazyletlisi Pygamberimiziň eden dogalarydyr. Bulardan birini Sa’d b. Ebi Wakgas şeýle rowaýat edýär

«Resullullah her namazyň yzyndan şu dogalar bilen Allaha sygnardy:

«Allahym! Bahyllykdan sakla diýip, Saňa sygynýaryn. Gorkaklykdan daş et diýip, Saňa sygynýaryn. Garrylykda mätäç etme diýip, Saňa sygynýaryn. Dünýä pitnesinden gora diýip, Saňa sygynýaryn. Gabyr azabyndan hem goramagyňy diläp, Saňa sygynýaryn». Doga edilenden soň eliň bilen ýüz mesh edilýär. Bu sünnetdir. Eger el galdyrylman doga edilse, ýüz mesh edilmeýär. Ýüzi mesh etmegiň hikmeti: bereketiň özüňe gelmegi, belanyň dep bolmagyny tama etmekdir.

Doganyň adaby[düzet | çeşmäni düzet]

Doga Allaha hamd we Resulyna salatu-salam bilen başlanýar we soňy ýene «Ālhämdulillä(h)» diýip tamamlanýar. Çünki, Allah şeýle buýurýar

«Jennetde mukminleriň dogalarynyň soňy «Ālhämdulillähi Robbil 'älemin» sözüdir, (Ýunus, 10).

Şonuň üçin dogalarymyzyň soňunda şu aýaty Kerime okalýar

«Seniň yzzatly bolan Rabbiň olaryň ýöňkeýänlerinden münezzehdir – daşdadyr. Ähli pygamberlere salam bolsun. Älemleriň Rabbi bolan Allaha hamd bolsun», (Saffat, 180-182).

Namaz tesbihatynyň ähmiýetine degişli Ebu Hureýreden rowaýat edilen bir hadysa görä Pygamberimiz şeýle ündäpdir

«Kim her namazyň yzyndan 33 gezek Allahy tesbih etse, 33 gezek Allaha hamd etse, 33 gezek Allahy tekbir etse bularyň sany togsan dokuz bolar. Ondan soň bolsa: «Lä ilähä illallahu wahdehu lä şerike leh. Lehul-mulku we lehul-hämdu we huwe alä kulli şeý-in kodir» diýse, günäleri deňziň köpügiçe bolsa-da bagyşlanar», (Muslim).

Ebu Said el-Hudriden rowaýat edilen başga bir hadysda bolsa şeýle aýdylýar. Pygamberimiz

– Allah Tagalanyň razylygyny gazanmaga wesile boljak amallary köp ediň – diýdi. Ashaby Kiram
– Bu amallar haýsylardyr? – diýip soranda, Serwerimiz
– «Allahu ākbär», «Lä ilähä illalla(h)», «Subhänalla(h)», «Ālhämdulillä(h)», «Lä hawle we lä kuwwete illä billäh» sözleri aýtmakdyr – diýip jogap beripdir, (Hakim «Mustadrek»).

Namaz barada aýatlar[düzet | çeşmäni düzet]

«Olar (takwalar) gaýyba ynanýarlar, namaz okaýarlar we Biziň özlerine beren rysgalymyzdan (Alla ýolunda) haýyr sahawat edýärler.» (Bakara, 3)
«Sabyr etmek we namazy berjaý etmek bilen (Alladan) kömek soraň! Takyk (sabyr we namaz), Alladan gorkýanlardan beýlekiler üçin uly (agyr) işdir.» (Bakara, 45)
«Biz (bir wagt) ysraýyl ogullaryndan olaryň diňe Alla ybadat etjekdikleri, eneata, ýakyn dogan-garyndaşa, ýetimlere, misginlere ýagşylyk etjekdikleri barada ähti-peýman alypdyk. (Olara): «Ynsanlara (diňe) ýagşy söz sözläň, namazy doly berjaý ediň, zekat beriň» diýip emir edipdik. Soň, diňe az sanlyňyzdan galanyňyz, (bu wadadan) ýüz öwrüp, dändiňiz.» (Bakara, 83)
«Siz namazy berjaý ediň we zekat beriň! Özüňiz üçin öňünden näme haýyr (iberseňiz), onuň (sogabyny) Allanyň ýanynda taparsyňyz. Takyk, Alla siziň edýän işleriňizi görüp durandyr.» (Bakara, 110)
«(Eý, Muhammed!) Nireden (ýola) çyksaň hem, (namazda) ýüzüňi Mesjidi Harama (Käbä) tarap öwür! (Eý, mukminler!) (Siz) nirede bolsaňyz hem, ýüzüňizi oňa (Käbä) tarap öwrüň! Goý, ynsanlaryň arasyndaky zalymlardan galanlar üçin (siziň garşyňyza) delil bolmasyn. Siziň dogry ýoly tapmagyňyz üçin we Meniň hem size nygmatymy doly bererim ýaly, siz olardan däl, diňe Menden gorkuň! » (Bakara, 150)
«Namazlary, aýratyn hem orta (ikindi) namazy (doly) berjaý ediň! Alla tagzym (etmek) bilen (namazy) dogry berjaý ediň!» (Bakara, 238)
«Iman getirenlerden ýagşy işleri edip, namazy berjaý edip, zekat berýänlere özleriniň Perwerdigäriniň ýanynda sylaglar bardyr. Olara gorky-howp ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar.» (Bakara, 277)
«Eý, iman getirenler! Serhoş bolup, we näme diýýäniňizi bilýänçäňiz namaza golaýlaşmaň!...» (Nisa, 43)
«Eý, iman getirenler! Namaz (okamak) üçin turanyňyzda, ýüzleriňizi we tirsekleriňize çenli elleriňizi ýuwuň, başlaryňyza mesh ediň we iki topuklaryňyza çenli aýaklaryňyzy ýuwuň! Eger ini hapa bolsaňyz, (gowy edip) ýuwnuň! Eger hassa ýa-da ýolagçy bolsaňyz, ýa-da siziň biriňiz aýak ýolundan gelen bolsa, ýa-da siz aýallaryňyza ýanaşan bolsaňyz we (ýuwnar ýaly) suw tapmasaňyz, päk toprak bilen teýemmum (teýim) ediň! (Ýagny) ýüzleriňize we (iki tirsegiňize çenli) elleriňize mesh ediň! Alla size kynçylyk döretmek islemeýär, emma sizi (günälerden) päklemek we (diniň hökümlerini beýan edip) Öz nygmatyny size doly bermek isleýär. (Bular) siziň (Alla) şükür etmegiňiz üçindir. » (Maide, 6)
«Şeýtan arak (şerap) we humar arkaly siziň araňyza duşmançylyk we kine salmak, siziň Allany ýatlamagyňyza we namaz (okamagyňyza) päsgel bermek isleýär. Siz (bu zatlardan) dändiňiz dälmi eýsem?!» (Maide, 91)
«Eý‚ Adam ogullary! Her (namaz wagty) metjide (gideniňizde) tämiz we gelşikli geýimleriňizi geýiň‚ iýiň‚ içiň, ýöne isrip etmäň! Çünki Alla isrip edýänleri düýbünden halamaz. » (Araf, 31)
«Allanyň metjitlerini diňe Alla we ahyrete iman getiren, namazy doly berjaý edýän‚ zekat berýän we Alladan başgadan gorkmýan mukminler bina ederler. Ine‚ olar dogry (hak) ýola ýetmäge umydygärdirler.» (Toba, 18)
«Mukmin erkekler bilen mukmin zenanlar biri-birleriniň hemaýatkärleridir. Olar ýagşylygy ündärler‚ ýamanlykdan saklarlar, namazy bolmalysy ýaly berjaý edip‚ zekatyny berip‚ Alla we Onuň ilçisine boýun bolarlar, ine‚ Alla olary Öz rahmetine gowuşdyrar. Çünki Alla Gudraty güýçlüdir‚ hikmet eýesidir. » (Toba, 71)
«(Eý, Muhammed!) Iman getiren bendelerime aýt: «Aluw-satuw we dostluk-ýakynlyk bolmaýan gün gelmezden öň namazy doly okasynlar, gizlin we äşgär halda olara beren rysgalymyzdan (Allanyň razylygyny gazanmak üçin) sarp etsinler. » (Ybraýym, 31)
«Men Özümden başga (ybadata laýyk) hudaý bolmadyk Alladyryn. Onda sen Maňa ybadat et we Meni ýatlamak üçin namaz oka!» (Taha, 14)
«(Eý, Muhammed!) sen olaryň aýdýan zatlaryna sabyr et we Gün dogmazyndan öň (ertir namazynda) we batmazdan öň (ikindi namazynda) Perwerdigäriňe hamdy-sena bilen tesbih aýt! Gijäniň käbir wagtlarynda (ýassy namazynda) we gündiziň iki ujunda-da (öýle we agşam namazlarynda) Allanyň razylygyny gazanmagyň üçin tesbih et.» (Taha, 130)
«Olar Allanyň ady agzalanda ýürekleri galpyldaýanlardyr, başlaryna gelene sabyr edýänlerdir, namazy berjaý edýänlerdir we Biziň özlerine rysgal edip beren zatlarymyzdan (mätäçlere) sarp edýänlerdir. » (Hajj, 35)
«Özüňize merhemet edilmegi üçin namazy berjaý ediň, zekat beriň we pygambere boýun boluň! » (Nur, 56)
«(Eý, Muhammed!) Sen özüňe inderilen kitaby oka we namazy berjaý et! Takyk, namaz bozgaklykdan hem-de erbet işlerden saklaýandyr. Allanyň ady bolsa beýikdir! Alla siziň edýän işleriňizi (ýagşy) bilýändir. » (Ankebut, 45)
«Olar namazy (yhlas bilen) berjaý edýän, zekat berýän we ahyret gününe berk ynanýan kişilerdir. » (Lukman, 4)
«Olar özleriniň Perwerdigäriniň (çakylygyna) gulak asarlar we namazy doly okarlar. Olar (etjek) işlerini öz aralarynda geňeşip (maslahatlaşyp) ederler. Özlerine beren rysgalymyz (Allanyň ýolunda) sarp ederler.» (Şura, 38)
«Eý, iman getirenler! Siz juma gününde (juma) namazyna çagyrylan badyňyza Allany ýatlamaga (namaza) howlugyň, söwda-satyk (işleriňizi) taşlaň! Eger biler bolsaňyz, bu siziň üçin (has) haýyrlydyr!» (Juma, 9)
«Okan namazlaryndan özleri gapyl bolanlaryň (namazy wagtynda okamaýanlaryň) waý hallaryna! » (Mägun, 4-5)

Edebiýatlar[düzet | çeşmäni düzet]

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]