Gyrgyzystan
|
|||||
Paýtagt | Bişkek | ||||
Prezident | Almazbek Atambayew | ||||
Dil | Gyrgyz | ||||
Gimn | Gyrgyzystan respublikasynyň döwlet gimni | ||||
Meýdany | 199.900 km² | ||||
Ilat – ilat/km² |
5.264.000 26/km² |
||||
Garaşsyzlyk | 25 Avgust 1991 | ||||
Pul | Gyrgyz sum | ||||
Wagt | UTC +6 | ||||
Telefon kod | 996 | ||||
Internet TLD | .kg |
Gyrgyzystan, bir döwlet Aziýa'da.
1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda garaşsyzlygyny gazanan Gyrgyzystan demirgazykda Gazagystan, günbatarda Özbegistan, günortada Täjigistan, günorta-gündogarda Hytaý bilen serhetleşýändir.
Döwletiň tutýan meýdany 198 500 inedördül kilometr bolup, 2008-nji ýyldaky maglumatlara görä ilaty 5 356 869-dir. Ilatyň 64,9 % gyrgyzlar, 13,8%, özbekler, 12,5% ruslardyr.
Gyrgyzystanyň topraklarynyň 65%-ini Týan-şan daglary tutýandyr. Bu döwletde ýerleşýän Yssyk-köl dünýäde ululygy boýunça Titikakadan soňra ikinji dag kölüdir.
Gyrgyzystanyň esasy şäherleri we welaýatlary: Bişkek (öňki ady Frunze), Batken (merkezi Batken), Çu (merkezi Tokmok), Jelal-abad (merkezi Jelal-abad), Naryn (merkezi Naryn), Oş (merkezi Oş), Talas (merkezi Talas), Yssyk-köl (merkezi Karakol).
Paýtagty Bişkek bolup, 1825-nji ýylda Kokant hanlygy tarapyndan Bişkek sebitinde gala hökmünde gurlandyr. Bişkek 1922-nji ýylda Daglyk oblastynyň merkezi, 1924-nji ýylda Gyrgyz Awtonom oblastynyň paýtagty bolupdyr. 1926-njy ýylda şäheriň ady Frunze (Bolşewik serkerdesi M. Frunze Bişkekde doglupdyr) diýlip üýtgedilipdir. 1991-nji ýylda şähere taryhy ady gaýtarylyp berlipdir. 2000-nji ýyldan başlap Oş şäheri döwletiň günorta paýtagtydyr.
Gyrgyzystanyň milli pul birligi somdur.
Garaşsyz Gyrgyzystanyň içeri we daşary syýasaty
Gyrgyzystan 1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda garaşsyzlygyny yglan edipdir. Şol ýylyň 12-nji oktýabrynda Askar Akaýew saýlaw esasynda Gyrgyzystanyň Prezidentligine saýlanypdyr. 1991-nji ýylyň dekabrynda Gyrgyzystan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna giren şertnama gol çekipdir.Gyrgyzystanyň garaşsyzlygy ilkinji ykrar eden döwlet Türkiýedir (24-nji dekabr 1991).
Gyrgyzystanda ilçihana açan ilkinji döwlet Amerikanyň Birleşen Ştatlarydyr (1992-nji ýýlyň 1-nji fewraly). 28-nji fewralda Türkiýe Bişkekde ilçihanasyny açypdyr. Gyrgyzystan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasyna kabul edilipdir. 1992-nji ýylda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna, UNESCO, 1996-njy ýyldan başlap Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzasydyr.
UNESCO-nyň goldawy bilen Gyrgyzystanda “Manas” dessanynyň 1000 ýyllygy (1995) we Oş şäheriniň 3000 ýyllygy (2000) ýyllygy bellenilipdir. Gyrgyzystanyň teklibi bilen 2002-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Daglar ýyly” diýlip kabul edilipdir.
SSSR-iň ýykylmagyndan soňra Gyrgyzystan Konstitusiýasyny taýyarlamak üçiň ýörite topar düzülip işlenilipdir we 1993-nji ýylyň 5-nji maýynda Gyrgyzystanyň ilkinji Konstitusiýasy yglan edilipdir.
1992-nji ýylyň 3-nji martynda Gyrgyzystanyň milli baýdagy tassyklanylypdyr. Döwletiň gimni şol ýylyň 18-nji dekabrynda, gerbi bolsa 1994-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda kabul edilipdir. 1992-nji ýylda öz milli goşunyny guran Gyrgyzystanyň yaragly güýçleriniň serkerdebaşysy Prezidentdir. Gyrgyzystanyň resmi dili gyrgyzjadyr. 2001-nji ýylyň 24-nji dekabrynda çykarylan kanun bilen rus dili döwletiň ikinji resmi dili bolupdyr. Häzirki wagtda Gyrgyzystanda ulanylýan elipbiý 1940-njy ýyldan bäri dowam edip gelýän Kirill elipbiýidir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Gyrgyzystanyň metbugatynda dürli atdaky gazet-žurnallar çap edilýärler. Asaba (Baýdak), Gyrgyz ruhy, Res Publika, Delo No, Aalam ýaly hususy gazetler, Kut Bilim (Kutadgu Bilig) ýaly ýarym resmi gazetler, Gyrgyz Tuusu (Gyrgyz baýdagy), Slowo Kyrgyzystana, Erkin Too (Erkin daglar) ýaly resmi gazetler metbugatyň esasy organlarydyr. Şeýle hem Türkiýäniň Zaman gazeti hem çykýandyr.
2005-nji ýylda Gyrgyzystandaky parlament saýlawlaryndan soňra Kurmanbek Bakiýew Prezidentlige saýlandy. 2010-njy ýylyň aprel aýynda Talasda başlaýan halk gozgalaňynyň netijesinde öňki Daşary işler ministri Roza Otunbaýewa Gyrgzystanyň Prezidentligine saýlandy.
|
|
---|---|
Türkmen döwletler: Azerbaýjan • Gazagystan • Gyrgyzystan • Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy • Özbegistan • Türkiýe • Türkmenistan |
|
Awtonom Türkmen Döwletler: Altaý | Baýan-Olgey | Başgyrdystan | Çuwaşystan | Dagystan | Gündogar Türkistan | Dolgan-Mens | Gagauz | Hakasiýa | Garagalpagystan | Kabardino-Balkariýa | Karaçaý-Çerkes | Krym | Nahçywan | Tatarystan | Tuwa | Ýakudystan |
|
||
---|---|---|
Ýurtlar | Azerbaýjan1 · BAE · Bahreýn · Bangladeş · Bruneý · Butan · Ermenistan1 · Eýran · Filippinler · Gazagystan1 · Gruziýa1 · Gündogar Timor · Günorta Koreýa · Gyrgyzystan · HHR · Hindistan · Indoneziýa · Iordaniýa · Kamboja · Katar · KHDR · Kipr · Kuweýt · Laos · Liwan · Malaýziýa · Maldiwler · Mongoliýa · Müsür2 · Mýanma · Nepal · Oman · Owganystan · Özbegistan · Päkistan · Russiýa1 · Saud Arabystany · Singapur · Siriýa · Şri-Lanka · Taýland · Täjigistan · Türkiýe1 · Türkmenistan · Wýetnam · Yrak · Ysraýyl · Ýaponiýa · Ýemen | |
1 Ýewropada hem ýerleşýär; 2 Afrikada hem ýerleşýär |